Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşyklaryň keç ykbaly


Ýakynda Täjigistanyň Kamarob jülgesinde ýüze çykan terroristik hüjümde bu ýurduň 26 harbysy heläk bolupdy. Bu waka täjik ýigidini söýen türkmen gyzy Jennetiň bagtyny ýatyrýar. Onuň söýgülisi Döwletjan Giýaýew hem şol wakada heläk bolýar. Russiýa Federasiýasynyň Tula şäherinde bilim alýan Jennet söýgülisiniň mazaryna zyýarat etmek üçin Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Serbent şäherine gelýär.

Döwletjan Giýaýew Moskwanyň harby uniwersitetinde bilim alýan wagty Tula şäherinde okaýan student, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Jennet Hudaýnazarowa bilen Moskwada tanyşýar. Soňra olar birek-biregi söýüp, halaşýarlar.

Aşyklar şu ýyl Täjigistanda durmuş gurmak kararyna gelýärler. “Döwletjanyň häsiýetleri maňa ýarady. Ol medeniýetlidi, aýal-gyzlara hormat goýýardy, adalatsyzlygy halamaýardy. Döwletjan hemişe hakyň tarapdarydy, halka mümkin boldugyndan ýardam edýärdi. Şonuň üçin men ony çyn ýürekden söýýärdim” diýip, Jennet aýdýar.

Jennetiň aýtmagyna görä, ol heniz ýokary okuwyny tamamlamandyr. Muňa garamazdan, ol Döwletjan bilen durmuş gurmaga razy bolýar. “Men Döwletjany iň soňky gezek şu ýylyň 16-njy iýulynda gördüm. Şol gün ol leýtenant harby çini bilen diplomyny aldy. Ol Tula şäherinden Täjigistana dolandy. Men oňa gyş aýlarynda Täjigistana barjakdygyma wada berdim. Täjigistanda durmuş toýuny tutmaga ylalaşdyk. Meniň enem-atam we Aşgabatdaky garyndaşlarym Döwletjan bilen durmuş gurmagyma razy boldular” diýip, Jennet gürrüň berýär.

Döwletjan Täjigistana dolananyndan soň olar telefon arkaly habarlaşýarlar. Emma sentýabr aýyndan soň Jennet onuň bilen habarlaşyp bilmändir. Soňra bolsa oňa Döwletjanyň ölümi baradaky ajy habar gelip gowuşýar.

“Döwletjanyň ýogalandygy baradaky şum habary eşidenimden soň onuň bilen halaşan günlerim edil kino ýaly gözümiň öňünden geçip gitdi, ýüregim duran ýaly boldy. Köp agladym, uzak gije ýatyp bilmedim. Deň-duşlarym maňa göwünlik berýärdiler, çünki olar meniň yşgym barada bilýärdiler” diýip, Jennet gözi ýaşly halda gürrüň berýär.

Şondan soň Jennetiň ýüregi takat tapmaýar. Şol sebäpli ol söýgülisiniň mazaryna zyýarat etmek üçin Täjigistana barýar. Döwletjanyň enesi Halymahanym Giýaýewa bolsa Jenneti garşy almagyň özüne ýeňil düşmändigini aýdýar. Ol Jenneti gelni hökmünde garşy almagyň arzuwynda eken.

Jennet Döwletjanyň hemişe öz arzuwlary barada gürrüň berendigini aýdýar: “Döwletjan maşgalasy üçin jaý edinmegiň arzuwyny edýärdi. Gowy ulag edinmegiň arzuwynda boldy. Meniň bilen bagtly durmuş gurmagy dileg edýärdi. Emma Döwletjan öz ene-atasyndan uzakda bolmak islemeýärdi. Şonuň üçin biz Täjigistanda durmuş gurup, bu ýerde ýaşamak barada karara geldik”.

Jennetiň aýtmagyna görä, ol Döwletjan bilen tanyşandan soň Täjigistan bilen gyzyklanyp başlaýar. Täjik medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenip başlaýar.

Jennet ilkinji gezek Täjigistana barýar, emma ol öz söýen ýigidini tapyp bilmeýär.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG