Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halyň niçik, maşgala lukmany?


Öňler ululara gözegçilik etmeli lukman aýratyn bolardy, çagalaryň lukmany aýratyn. Nireden görelde alanlaryny bilmedik, soňky ýyllar lukman-terapewtleri «maşgala lukmany» diýip atlandyrdylar-da, çagalara seretmek borjuny hem olaryň üstüne ýüklediler.

Maşgala lukmany indi maşgaladaky uly-kiçi adamlaryň ählisiniň gözegçiligine jogap bermeli. Bu bolsa maşgala lukmanynyň ýüküni has-da agraldýar.

«Saglyk öýleri» diýlip atlandyrylan poliklinikalardaky nobat maşgala lukmanynyň üstüne çagalara gözegçilik etmek borjy-da ýüklenensoň, has-da artýar. Aýratyn-da, çagalara dürli ýokanç keselleriň garşysyna hem-de ýaşy boýunça urulmaly sanjymlar urulmaly bolnanda maşgala lukmanynyň gününe it uwlaýar.

Bir ýandan syrkawlan ulular, bir ýandan sanjym urulmaly (keseliň garşysyna priwiwka) çagalar, saglyk öýüniň içini jygyllyk bazaryna dönderýärler. Gyk-da-baklyk. Munuň-da üstesine, maşgala lukmanynyň kömekçisi bolan şepagat uýasy-da ýok. Şeýle ýagdaýda maşgala lukmany näsagy diňläp, onuň näsaglyk depderçesine ilki keseliň taryhyny ýazýar. Soň em edilmeli däri-dermanlaryň adyny ýazýar. Soň näsaga derman almak üçin apteklere berilýän reseptleri doldurýar, lukmanyň gözegçiliginde bolanlygy üçin saglyk öýüniň buhgalteriýasyna tölemeli pullarynyň kwitansiýasyny ýazýar. Nähili dermany içmeli, nädip içmelidigi hakda düşündiriş geçýär. Garaz, lukman bir näsagy kabul edýänçä ýarym sagat wagt geçýär.

Kiçi çagalar kabul edilende olar hem doly barlagdan geçirilmeli. Täze doglanlaryň hatda agramyna çenli çekip görmeli, boýuny ölçemeli. Soňra näsaglyk kartoçkasy doldurylyp, priwiwka ugratmaly.

Gara görgi. Maşgala lukmanlarynyň köpüsi beýle ýagdaýda işläp bilmejeklerini aýdyp, işden gitjekdigi hakda her näsagyň ýanynda nalaýarlar. Emma olar işden hem gidip bilenok. Sebäbi maşgala eklemek üçin gazanç gerek. Başga ýerden iş hem tapylyp durlanok.

Aslynda ululara gözegçilik etmeli terapewtlere çagalara seretmek tabşyrylmaly däl. Sebäbi hut medisina okuw jaýlarynda bu iki lukmançylyk ugry boýunça aýratyn okadylýar ahbeti. Çagany bejermegiň öz aýratynlygy bar, ulyny bejermegiň öz aýratynlygy. Dürli çaga keselleri bar. Pediator (çaga lukmany) bolmasaň, ol zatlara düşünip bolmaýar. Kä wagt şeýle bir hadysalar gabat gelýär — ýagny, maşgala lukmany öýe gelip, näsag çaga üçin derman ýazýar. Çaganyň hossarlary haýsydyr bir täze çykan dermany dermanhanaçynyň maslahat bermegi boýunça dermanhanadan alyp, çaga içirýändiklerini aýdanlarynda maşgala lukmanlary köplenç gözlerini tegeläp, böwürlerini diňläp durýarlar. Özüne nätanyş bolan derman hakda heniz eşidip görmändiklerini aýdýarlar.

Bu hadysany geň görmeli däl. Günüň-güni täze-täze dermanlar oýlanyp tapylyp, önümçilige goýberilip dur. Täze dermanlar hakda lukmanlar habardar edilýänçä olar dermanhanalara gowuşýar hem-de dermanhana işgärleriniň üsti bilen halk olary çalt alýar.

Lukmanlary käteler bir-iki aýlyk okuwa ýygnap, olara täze çykýan dermanlar hakda informasiýa berýärler. Şeýle ýagdaýda maşgala lukmanlary hem çagalar üçin çykarylýan dermanlar hakda, hem ulular üçin çykarylýan dermanlar hakda informasiýa almaly. Bu bolsa olara aňsat düşmeýär.

Maşgala lukmanlary saglyk öýündäki işiniň daşyndan öýlere aýlanyp uly ýaşly näsaglaryň-da, kiçi ýaşly çagalaryň-da halyndan habar alyp durmaly. Öýlere lukman kömeginiň gerekdigi hakda çakylyk bolanda hem maşgala lukmany barmaly. Soňky döwürlerde maşgala lukmanynyň işi örän köpeldi. Munuň-da üstesine, «Tiz kömek» lukmanlary-da işlerine ýetişmedik wagtynda näsagyň çakylygyny saglyk öýlerine jaň bilen habar berip, maşgala lukmanynyň üstüne atýarlar.

Maral Agaberdiýewa Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG