Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan “daşary syýasatyny üýtgetmedi”


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Özbegistanyň prezidenti Islam Karimowyň yz ýany bilen Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew hem Türkmenistana barýar. Eýse, yzly-yzyna amala aşyrylýan bu saparlaryň maksady näme?

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu barada Türkiýäniň paýtagty Ankarada ýerleşýän Halkara strategiki barlaglar guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy M.Turgut Demirtepe bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Orsýetiň we Özbegistanyň prezidentleri Türkmenistana sapar edýärler, beýleki tarapdan Aşgabat Günbatar bilen hem gatnaşygyny güýçlendirmäge synanyşýar. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ugry barada siz näme aýdyp biljek?


Turgut Demirtepe: Türkmenistan soňky döwürlerde öz goňşulary bilen gatnaşyklaryny artdyrmaga synanyşýar, emma onuň bitaraplyk syýasatyny üýtgetmek ýaly plany ýok.

Käbir synçylar Nyýazowyň ölüminden soň Türkmenistanyň Günbatardan has uzaklaşyp, Orsýete ýakynlaşjakdygy we Moskwanyň täsiriniň astyna düşjekdigi barada pikirleri orta atypdylar. Meniň pikirimçe, bu pikirler dogry däl we Medwedewiň Türkmenistana edýän saparyna hem diňe iki ýurduň kadaly gatnaşygynyň bir bölegi hökmünde baha berip bolar. Ýagny, Nyýazowyň döwründe Türkmenistanyň daşary syýasaty nähili bolan bolsa, ol henizem öňki durkunda dowam edýär. Bu ugurda düýpli özgerişlik göze ilmeýär we Aşgabat bu syýasatyny mundan beýlägem dowam etdirer diýip, pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen Orsýetiň gatnaşygy soňky döwürlerde o diýen gowy däl. Bu esasanam 2009-njy ýylda Türkmenistandan Orsýete gaz akdyrýan turbada bolan partlamadan soňra peselipdi. Elbetde, gaz eksporty soňra gaýtadan başlandy, emma onuň möçberi öňki ýyllar bilen deňeşdirilende gaty az. Sorajak bolýan zadym: bu iki ýurduň arasyndaky ylalaşmazlyklar aradan aýryldymy?

Turgut Demirtepe:
Orsýetiň şol ylalaşmazlyklary aradan aýyrmak islegi bar. Emma Orsýetiň töwereginde ýerleşýän ýurtlar bilen gatnaşygyny artdyrmak barada edýän tagallalary diňe Türkmenistan bilen bagly däl. Moskwa öňki Sowet Soýuzyna girýän respublikalarda, şol sanda Merkezi Aziýada öz täsirini artdyrmaga synanyşýar. Bu syýasat 2000-nji ýyllarda Putiniň häkimiýet başyna geçmegi bilen başlandy. Orsýetiň Täjigistanda, Gyrgyzystanda, Gazagystanda we Özbegistanda hut şeýle aktiw syýasat alyp barýan wagty Türkmenistana üns bermezligi mümkin däl.

Orsýetiň nukdaýnazaryndan aýdylanda, Moskwa Türkmenistan bilen gatnaşygyny artdyrmak üçin tagalla edýär. Emma Türkmenistan Orsýete näderejede ýakynlaşmak isleýär - bu uly sorag bolup durýar. Men Orsýet bilen gatnaşygyny artdyrmak üçin Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna zyýan ýetiräýjek ýa bu syýasatyndan çekilmegine ýol açyp biljek ädimi äder öýdüp, asla pikir edemok.

Türkmenistan hem, elbetde, öz bähbidine gabat geläýjek ädimi äder. Eger öz bähbidine gabat gelýän bolsa, ol Orsýetden ýüzüni öwrüp oturmaz, emma bu gatnaşyklar stratigiki häsiýete eýe bolar diýip, çak edemok.

Azatlyk Radiosy: Nyýazowyň döwründe Türkmenistan bilen Özbegistanyň gatnaşygy hem o diýen öwerlikli däldi. Eger Özbegistanyň prezidenti Islam Karimowyň hem häzirki döwürde Türkmenistana sapar edýänligini göz öňünde tutsak, bu iki ýurduň gatnaşygy barada siz näme aýdyp biljek?

Turgut Demirtepe: Bu meselä Karimowyň alyp barýan syýasatyny göz öňünde tutup, jogap beresim gelýär. Kerimow öz daşary syýasatynda pursatdan gowy peýdalanýan liderlerden biri. Mundan birnäçe ýyl ozal ol ABŞ bilen gowy gatnaşyk saklan bolsa, soňky birnäçe ýylyň dowamynda Kerimow Orsýete ýakynlaşdy.

Emma geçen bir ýylda bolup geçen wakalara seretsek, Karimowyň Orsýet bilen bir hatarda, Ýewropa Bileleşigi hat-da ABŞ bilen hem gatnaşygyny gaýtadan güýçlendirmäge synanyşýanlygyna göz ýetirse bolýar. Häzirki döwürde Orsýetiň regionda barha aktiw syýasat alyp barmagy Karimowyň hem goňşulary, şol sanda Türkmenistan bilen gatnaşygyna gaýtadan üns bermegine getirdi.

Elbetde, Türkmenistan hem Özbegistan ýaly ýurt bilen gatnaşygynyň erbet bolmagyny islemez. Özbegistan her jähtden alanyňda-da, regionda uly güýçlerden biri. Eger ol Türkmenistana ýakynlaşmaga synanyşýan bolsa, Aşgabat hem bu synanyşygy gowy garşylar.
XS
SM
MD
LG