Şu ýylyň iýul aýynda «Gallup» halkara barlaglar merkezi adamlaryň özlerini bagtly duýuşlarynyň derejesi boýunça Türkmenistanyň 18-nji orunda durýandygy barada hasabat çap etdi.
Emma resmi Aşgabat muny adamlaryň özlerini bagtly duýuşlarynyň derejesi boýunça däl-de, adamlaryň ýaşaýyşlarynyň derejesi boýunça Türkmenistana berlen baha hökmünde hasiýetlendirdi.
Bu barada ýakynda “Türkmenistan” gazetinde çap edilen maglumatlarda bu hasabat Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň GDA döwletleriniň ählisinden, hatda dünýäniň öňde baryjy döwletlerinden hem ýokarydygyny görkezýär diýlip bellenilýär.
Bu barada ýerli ýaşaýjylar nähili pikirde? Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa Mary welaýatynyň ýaşaýjylary bilen söhbetdeş boldy.