Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Somaliniň garakçylary german ýük gämisini zamun aldylar


Ýekşenbe güni Somaliniň deňiz garakçylary Keniýanyň kenaryna golaý ýerde Germaniýanyň bir ýük gämisini zamun aldylar.

«Beluga Fortune» atly bu ýük gämä eýelik edýän Germaniýanyň «Beluga-Reederei» kompaniýasynyň resmileri bu gäminiň Birleşen Arap Emirliklerinden Günorta Afrika tarap barýarka deňiz garakçylary tarapyndan alnyp gaçylandygyny mälim etdiler.

Munuň özi soňky üç günüň dowamynda şu gürrüňi edilýän regionda deňiz garakçylary tarapyndan alnyp gaçylan ikinji ýük gämidir.

Bu wakanyň öňýany, hepdäniň şenbe güni hem Keniýanyň kenaryndan 165 kilometr uzaklykdaky deňiz suwlarynda garakçylar Singapura degişli bir ýangyç tankerini zamun aldylar.

Ýöne bu alnyp gaçylan gämileriň içinde näçe gämiçiniň bardygy barada welin, anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG