Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň hökümeti katolik ruhanylarynyň beýanatyny ýazgardy


Ýekşenbe güni Ysraýylyň hökümeti Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň katolik ruhanylarynyň Ysraýyl barada ýaýradan beýanatyny ýazgardy.

Hususan-da, Ysraýylyň daşary işler ministriniň orunbasary Danny Aýalon Ýakyn Gündogaryň katolik ruhanylarynyň Rim papasy Benedikt XVI bilen geçiren duşuşyklaryndan soň ýaýradan beýanatyny «Ysraýyl döwletine garşy edilen syýasy hüjüm» diýip atlandyrdy.

Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň katolik ruhanylary Watikanda geçiren iki hepdelik dini maslahatlarynyň jemleýji güni, ýagny hepdäniň şenbe güni arap topraklarynyň Ysraýyl tarapyndan eýelenmeginiň soňuna çykylmagyna çagyryş edip, ýörite beýanat ýaýratdylar.

Palestinanyň parahatçylyk gepleşikleri boýunça ýörite wekili Saeb Erakat ruhanylaryň iki döwletlilik barada eden çagyryşlaryny hoşallyk bilen garşy alandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG