Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gorky astynda tutulýan toý


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji oktýabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme maslahatyny geçirdi.

Maslahat Aşgabat araçäk otrýadynyň «Bagyr» serhet berkitmesinde boldy. Berdimuhamedow ol ýere täze obýektleri açmaga bardy we şol bir wagtyň özünde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hasabatlaryny diňledi.

Türkmen döwlet habarlary bu maslahatda Garaşsyzlyk baýramyna, harby parada görülýän taýýarlyk barada gürrüň edilendigini, prezidentiň kanun goraýjy gulluklary baýram günleri tertip-düzgüni berk goramaga çagyrandygyny habar berýär.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 23-nji oktýabrda «Bagyr» serhet berkitmesinde geçirilen göçme maslahatynda prezident harbylaryň we kanun goraýjy gulluklaryň başlyklarynyň gysgaça hasabatyny diňläp, baýramçylyk günleri ýurtda tertip-düzgüniň “berk berjaý edilmegi üçin” ähli çäräni görmäge çagyrdy.

Ýöne bu berklik, Gazagystanyň Mangitau welaýatynyň gümrük gözegçiligi bölüminiň habaryna görä, prezidentiň «Bagyrda» beren buýrugyndan has öň başlanypdyr. Bu habarda Türkmenistanyň 18-nji oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda Gazagystandan ýeňilleşdrilen tertipde ýurda gelip bilýän daşary ýurt raýatlary üçin serheti ýapandygy aýdylýar.

Mangitau welaýatynda hemişelik ýaşaýan gazak raýatlary Türkmenistanyň Balkan welaýatyna ýeňilleşdirilen tertipde 5 günlük gelip-gidip bilýärler. Bäş günden uzak möhlet üçin bellenilen düzgün esasynda wiza almaly.

Ýiti çäklendirmeler

Baýramçylyk adaty hereketleri çäklendirmelerden başlanýar. Türkmenistanda baýramçylyk günleri, ýokary derejeli myhmanlaryň sapara gelýän wagty ýa prezidentiň ýurt içinde ol ýa-da beýleki obýektiň açylyş dabarasyna gatnaşýan pursaty jemgyýetçilik tertibine gözegçiligi berkitmek adaty bir zada öwrüldi.

Gözegçilik ýurduň iň uludan tutulýan toýy bolan Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda has-da berkidilýär. Ýerli synçylar hökümetiň baýramçylyk mynasybetli görýän howpsuzlyk çäreleriniň asudalygy berjaý etmek bilen bir hatarda ilatyň hereket azatlygyny hem aşa çäklendirýändigini aýdýarlar.

Aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew Garaşsyzlyk baýramyna hem harby parada taýýarlyk zerarly girizilýän çäklendirmeleriň baýramçylykdan bir aý öň başlanýandygyny, onsoň bu ýagdaýyň ilatda kanuny nägilelik döredýändigini aýdýar.

“Hatda köçeleriň bir toparynda awtoulaglaryň hereketi hem ýapylýar we bu ýagdaý transport gatnawynda uly kynçylyk döredýär. Çatryklaryň bir toparynda, aýratynam ozalky Hudaýberdiýew we Türkmenbaşy şaýollarynyň çatrygynda dykynlar emele gelýär” diýip, A.Baýryýew aýdýar.

Türkmen halkynyň asyl däplerine görä, adatça, toý edýän gapysyny giň açyp goýýar we myhman näçe köp gelse, şonça-da begenýär. Türkmenistan öz halkynyň däp-dessurlaryna hormat goýýandygyny we olary dikeldýändigini, döwlet derejesinde açyk gapylar syýasatyny ýöredýändigini, hiç bir ýurt bilen oňuşmazlygynyň ýokdugyny aýdýar.

Ozalky sowet respublikalarynyň köpüsinden tapawutlylykda Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda asuda, ilaty sabyr-kanagatly ýurt hökmünde tanaldy. Şol bir wagtda-da bu ýurtda hökümete garşy protest aksiýalaryny gurnamak, nägilelik bildirmek mümkinçiliginden peýdalanjak bolup duran oppozision partiýalar, garaşsyz jemgyýetçilik guramalary-da ýok. Emma, muňa garamazdan, her baýramçylykda diýen ýaly tertip-düzgüniň bozulmagyndan aşa alada edilýändigi duýulýar.

Munuň sebäbi näme?

Düýbi Bolgariýada ýerleşýän “Türkmen Helsinki” fondunyň başlygy Täjigül Begmedowa bu aladanyň esasy sebäbiniň halk bilen häkimiýetleriň arasyndaky ynamsyzlykda bolmagynyň ahmaldygyny çak edýär.

«Çinownikleriň özleri birhili dowla düşýärler. Sebäbi köpçülik bir ýere üýşende, adamlar özara pikir alyşýarlar. Olar hemme bolýan ýagdaýlary görýärler hem onuň gürrüňini edýärler. Onsoň çinownikler halk şol ýagdaýdan peýdalanyp, birden köçä çykaýmasyn diýip gorkýarlar» diýip, T.Begmedowa aýdýar.

Hukuk meselelerini öwrenýän aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew Garaşsyzlyk baýramynda Türkmenisatanda her baýrama gabat yglan edilýän günä geçişleriň hem bolmaýandygyna, munuň hem ýurtda asudalygyň bozulmak aladasy bilen bagly bolmagynyň ahmaldygyna ünsi çekýär.

“Birnäçe ýyl bäri her baýrama gabat yglan edilýän günä geçişligem hiç wagt şu baýrama gabatlap geçirilenok. Bu-da şol belli bir derejede, ilatyň pikiriçe, howpsuzlyk çäreleri bilen bagly. Eger-de tussagdakylar çykyp gelse, şonda birhili bidüzgünçilik bolaýjak ýaly garalýan bolmagy ähtimal” diýip, aşgabatly žurnalist A.Baýryýew aýdýar.

Daşary ýurtly türkmenleriniň arasyndan wekiller hem bu baýrama saýlanyp çagyrylýar. Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda türkmen metbugaty dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan türkmen azlyklaryna hem gol uzatmak, olaryň taryhy watanlaryna dolanmagyna, bolmanda, ýurt bilen gatnaşygyny dikeltmegine ýol açmak barada köp ýazdy. Bu pikirler Dünýä türkmenleriniň gumanitar birleşiginiň döredilmegine, her ýylda ýüzläp türkmeniň taryhy watanlaryna sapar etmegine ýol açdy.

Emma, Şwesiýada ýaşaýan türkmen aktiwisti Ýakup Garagulyň pikirine görä, ýurduň gapysynyň howpsuzlyk bahanasy bilen başga pikirlileriň öňünde jebis ýapylmagy we diňe ýaranjaňlar üçin “syçan sümerlik” açylmagy ýatlanýan ýagty ideýa-da, baýramçylyga-da kölege salýar.

“Biziň Türkmenistanymyz 19 ýyldan soňra-da edil bir ýaşly ýa alty aýlyk çaga ýaly henizem gundagda ýaşap ýör. Gundagyň-da daşyny ýaman gaty baglapdyrlar. Ol gundagyň içindäki oglanyň gözi-de görnenok diýsek boljak. Onsoň özüňiz pikir edip göräýiň, ol gundagy açjak bolýan hem oglanyň el-aýagyna ýel çalsyn ýa onuň endamyny arassalaýyn diýýän adamlar ýurda salynmaýar” diýip, Ýakup Garagul aýdýar.

Ýakup Garagul özüniň hiç wagt türkmen kanunlaryny bozmandygyny, emma indi on bäş ýyldyr ol ýere baryp bilmeýändigini, sebäbi häkimiýetleriň özüne wiza bermeýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG