Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Feliks Kulow: “Gyrgyzystan parlament sistemasyna taýýar däl”


Gyrgyzystanyň “Ar-Namys” partiýasynyň başlygy we ýurduň öňki premýer-ministri Feliks Kulow ýurduň entek parlament sistemasyna geçmäge taýýar däldigini aýtdy.

Penşenbe güni Feliks Kulow Bişkekde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda ýurduň prezident respublikasy gurluşyna geçmegi üçin elinden gelen ähli tagallany etjekdigini aýtdy.

Iýul aýynda Gyrgyzystanda geçirilen referendumyň netijelerine laýyklykda, ýurduň syýasy gurluşy prezident respublikasyndan parlament sistemasyna geçipdi.

Kulow sişenbe güni Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda hem ýurtda güýçli prezidentiň, güýçli premýer-ministriň we güýçli parlamentiň bolmagyny isleýändigini belledi.

61 ýaşyndaky Feliks Kulow 2005-2006-njy ýyllar aralygynda ýurduň premýer-ministri bolupdy. Mundan başga-da ol ýurduň içeri işler ministri, milli howpsuzlyk ministri we Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkegiň häkimi bolup işläpdi.
XS
SM
MD
LG