Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary býujet düzgün-tertibini pugtalandyrmak we maliýe krizisiniň öňüni almaga gönükdirilen täze düzgünler boýunça ylalaşyga geldiler. Bu düzgünleriň maksady: üstümizdäki ýylyň başynda Gresiýanyň bergi krizisi zerarly dörän ýewro zonasy üçin howply ýagdaýlaryň gaýtalanmagyna geljekde ýol bermezlik.
Gelnen ylalaşyk boýunça maliýe taýdan kyn ýagdaýa düşen ýurtlary goldamak üçin bir hemişelik fond döredilmeli. Şeýle hem öz býujet defisitlerini gözden salýan ýurtlara sanksiýa garaşýar.
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Herman Wan Rompuý muny şeýle düşündirdi: “Häzirki ýagdaý bilen deňäniňde sanksiýalar ir we öňünden berilýän duýduryş bolar. Defisit ölçegleri bilen birlikde jemgyýetçilik bergilerine hem üns berler. Ýeterlik çäre görülmedik ýagdaýynda ýyllyk defisit üç prosente ýetmezden öň hem sanksiýalaryň girizilmegine mümkinçilik bolar”.
Gresiýany halas etmek üçin 110 milliard ýewro, ýewro zonasyna degişli 16 ýurduň maliýe howpsuzlygy üçin hem 440 milliard ýewro göz öňünde tutuldy. Bu puluň uly bölegini Germaniýa töleýär.
Berlin Ýewropa Bileleşiginiň Lissabon şertnamasynyň käbir ýerleriniň üýtgedilmegini talap etdi. Sebäbi Bileleşigiň esasy hartiýasy boýunça bir ýurt beýleki agzalaryň bergilerine jogapkär däl.
“Bir hemişelik krizis mehanizminiň bolmalydygy bilen hemmeler ylalaşdylar. Muny agza döwletleriň döretmegi bilen hemmeler ylalaşdylar. Şol sebäpden Lissabon şertnamasyna käbir üýtgetmeleriň gerekdigi bilen hem hemmeler ylalaşdylar” diýip, german kansleri Angela Merkel aýtdy.
Tutuşlygyna üýtgedilmez
Diplomatlaryň aýtmagyna görä, agza döwletleriň käbiri Lissabon şertnamasynyň üýtgedilmegine, bu üýtgetme çäkli hem bolsa, meýilli däl. Olar bu barada ylalaşsalar-da, göwünsizlik bilen ylalaşdylar.
Lissabon şertnamasy barada täzeden çekeleşik gitmegini köpler islänok. Sebäbi bu şertanama barada ozal giden gepleşikler ençeme ýyla çekdi. Ikinjiden-de, onuň güýje girenine ýaňy 11 aý boldy.
Ýöne Wan Rompuýyň aýtmagyna görä, şertnama tutuşlygyna üýtgedilmez: “Gürrüň Lissabon şertnamasynyň täzeden açylmagy ýa täze institusional çekişme barada däl. Ýöne hemişelik krizis mehanizmine gerekli şertler döredilmeli. Bu hemmeleriň arzuwy. Şol sebäpden bu şertnama üçin kanuny esas gerek”.
Lissabon şertnamasyna üýtgetme girizmek, çäkli hem bolsa, aňsat iş däl. Sebäbi ilki bilen-ä bu üýtgetmeler biragyzdan oňlanmaly, ikinjiden-de, olar agza döwletler tarapyndan ýa parlamentde ýa-da refendum arkaly ratifisirlenmeli.
Indi Lissabon şertnamasyna giriziljek üýtgetmeleriň nusgasyny taýýarlamak we munuň milli referendumlary geçirmezden tassyklanmagyny gazanmak Wan Rompuýa düşýär. Liderler ediljek teklipleri dekabr aýynda geçiriljek sammitde maslahatlaşarlar. Eger şertnamanyň täze nusgasy kabul edilse, ol 2013-nji ýylyň maý aýyndan soň güýje girer.