Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iki Koreýanyň aýrylyşan raýatlary ýarym asyr soň duşuşýarlar


Ýekşenbe güni Demirgazyk Koreýanyň hökümeti 1950-1953-nji ýyllaryň Koreýa urşundan bäri ilkinji gezek bu uruşda aýrylyşan raýatlara olaryň Günorta Koreýadaky öz dogan-garyndaşlary bilen duşuşmaklyga mümkinçilik berdi.

Bu çäräniň çäklerinde düýn Günorta Koreýanyň raýatlaryndan 430-syna ilkinji gezek Demirgazyk Koreýanyň serhetlerinden geçmeklige rugat berildi.

Ýekşenbe güni irden bolsa olar Demirgazyk Koreýanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän «Kumgang» atly daglyk kurort zonasynda ýarym asyrdan gowrak aýraçylykdan soň ilkinji gezek bu ýurtdaky özlerinin 97 sany dogan-garyndaşy bilen duşuşdylar. Bu raýatlaryň arasynda öz çagalaryndan jyda düşen ene-atalar hem bar.

Hepdäniň çarşenbe gününden başlap anna gününe çenli aralykda Günorta Koreýanyň ýene 96 sany raýatyna Demirgazyk Koreýadaky 207 adam bilen duşuşmaklyga mümkinçilik dörediler.
XS
SM
MD
LG