Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew Kuril adalaryna sapar etdi, Ýaponiýa nägile


Duşenbe güni Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Kuril adalaryna sapar etdi. Ol bu adalara sapar eden Orsýetiň ilkinji prezidentidir. Ýaponiýa hem bu adalaryň özüniňkidigini öňe sürýär.

Prezident Medwedew Kunaşer adasyna saparyny şu aýyň ortalarynda Ýaponiýa etjek saparynyň öňüsyrasynda amala aşyrdy. Ol Aziýa we Ýuwaş Okeany ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Ýaponiýa barar.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Naoto Kan prezident Medwedewiň Kuril adalaryna saparyny “örän gynandyrjy” diýip atlandyrdy.

“Biz dört sany demirgazyk adanyň Ýaponiýanyň serhedine girýändigi baradaky pozisiýamyzda berk durýarys. Meniň pikirimçe, prezident Medwedewiň bu sapary örän gynandyrjy” diýip, Naota Kan aýtdy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ýaponiýanyň bu hereketiniň “kabul ederliksizdigini” aýtdy.

“Prezident Medwedewiň Kuril adalaryna barmagyna Ýaponiýanyň reaksiýasy kabul ederliksizdir. Bu biziň topragymyz we Orsýetiň prezidenti öz topragyna sapar etdi” diýip, Lawrow belledi.

Ikinji Jahan urşunyň tamamlanmagy bilen Sowet Soýuzy bu dört jedelli adalary basyp alypdy. Şol döwürden bäri bu adalar dogrusynda Moskwanyň we Tokionyň arasyndaky ylalaşmazlyklary dowam edýär.
XS
SM
MD
LG