Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakdaky katolik ybadathanasynda azyndan 52 adam öldürildi


Yrak resmileri Bagdatdaky katolik ybadathanasyna zabt edilende azyndan 52 adamyň öldürilendigini aýdýarlar.

Ol ybadathanada jeňçiler 120 hristiany zamun alypdylar. Howpsuzlyk güýçleri şol adamlary boşatmak üçin operasiýa geçirdiler.

Jeňçiler ybadathana barmazdan öň, ilki aksiýa çalşylýan ýere hüjüm etdiler.

Yragyň içeri işler ministriniň orunbasary, general Huseýin Ali Kamal bu hüjümde 52 adamyň öldürilendigini, 62 adamyň bolsa ýaralanandygyny aýtdy.

Öldürilenleriň arasynda bir ruhany we 10 polisiýa işgäri hem bar. Ýaralananlaryň köpüsi aýallar.

Pop Benedikt bu hüjümi ýazgaryp çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG