Sişenbe güni Günorta Koreýanyň goranmak ministriniň aýtmagyna görä, Demirgazyk Koreýa kiçi göwrümli ýadro ýaraglaryny döretmek ugrunda alada edýär.
Ministr Kim TaeYongyň berýän maglumatlaryna görä, şeýle bombany ýasamak üçin Demirgazyk Koreýanyň 40 kg plutoniumy bar. Munuň bilen 8 çemesi kiçi göwrümli ýadro bombasyny ýasap bolýar.
Kim TaeYong Demirgazyk Koreýanyň plutonium bilen geçirýän programasyndan başga-da urany baýlaşdyrmak arkaly ýadro ýaraglaryny döretmeginiň mümkindiginden howatyrlanýandygyny aýtdy.
2009-njy ýylyň aprel aýynda Demirgazyk Koreýa ýadro ýaragsyzlanma boýunça halkara gepleşiklerinden çekilipdi.