Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda ABŞ-nyň ilçihanasynyň basylyp alynmagynyň ýyl dönümi


Birleşen Ştatlaryň Eýrandaky ilçihanasynyň yslamçy studentler tarapyndan basylyp alynmagynyň 31 ýyllygy bellenildi.

Müňlerçe eýranlylar ellerinde ýurduň baýdagyny we ruhany lideri Aýatolla Ali Hameýniniň portretlerini göterip, Birleşen Ştatlaryň Tährandaky öňki ilçihanasynyň binasynyň ýanynda ýygnandylar. Olar Amerika garşy şygarlar bilen çykyş etdiler.

Eýran her ýylyň 4-nji noýabrynda 1979-njy ýylda ABŞ-nyň Tährandaky ilçihanasynyň basylyp alnan gününi belleýär. Bu waka yslam rewolusýasy netijesinde Eýranyň öňki şasy Muhammed Reza Pahlawany häkimiýetden agdarylandan bir aý soň bolupdy.

Şol wakada studentler amerikanyň 52 sany diplomatyny zamun alyp, olary 444 günläp saklapdylar. Şol waka sebäpli Birleşen Ştatlar bilen Eýranyň arasynda häzire çenli diplomatik gatnaşyklar ýok.
XS
SM
MD
LG