Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Türkmenistanda girdeji deňsizligi uly




4-nji noýabrda BMG-niň Ösüş maksatnamasy (UNDP) ilatyň durmuş derejesiniň ösüşi barada 2010-njy ýyl boýunça hasabatyny ýaýratdy. Geçen yýl bilen deňeşdirilende, Türkmenistana bu ýyl berlen baha ýokary.

Ýagny, 169 ýurdy öz içine alýan şol hasabatda Türkmenistan 87-nji orny eýeleýär. Bu sanawda Gazagystan 66-njy, Özbegistan 102-nji, Gyrgyzystan 109-njy we Täjigistan 112-nji orunda.

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir, bu mesele bilen gyzyklanyp, BMG-niň Ösüş programmasynyň hasabatyny ýaýradan edarasynyň ýolbaşçysy Jeni Klugman bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada 2010-njy ýyl boýunça geçiren barlaglaryňyzda postsowet giňişliginde ýerleşýän ýurtlarda nähili täzelik bar?


J.Klugman: Öňki Sowet Soýuzynda ýerleşýän ýurtlarda emele gelen esasy zat, soňky ýyllaryň dowamynda şol ýurtlarda bolan syýasy özgerişler we onuň bilen bagly emele gelen täzeliklerdir. Şol bir wagtyň özünde-de regionda göze ilýän täzelikden biri hem aradan çykýan ýetginjekleriň sanynyň barha artmagy we ömrüň dowamlylygynyň hasam peselmegidir.

Azatlyk Radiosy: Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlar barada gelnen netije siziň çak edişiňiz ýalymy ýa-da sizi geň galdyran zat hem barmy?

Jeni Klugman hasabatyň mazmuny bilen tanyşdyrýar, Nýu Ýork, 4-nji noýabr.
J.Klugman:
Umuman aýdylanda, gelnen netije biziň çak edişimizden tapawutly däldi, emma köp ugurly ölçegler boýunça garyplyk derejesini barlamak baradaky indeksimize bu yýl käbir täzelikler girizdik.

Bu barlag diňe islendik adamyň gündelik girdejisiniň näçe dollara barabardygy däl-de, olar çagalaryny mekdebe iberýärlermi hem-de agyz suwy bilen ýeterlik üpjün edilýärmi diýen ýaly soraglara-da üns berildi.

Bu meseleler barada käbir ýurtlaryň ýagdaýy beýlekisi bilen deňeşdirilende gowurak. Meselem, adamlaryň arasynda deňhukuklylyk barada gürrüň edilende, bu regionyň ýagdaýy beýlekiler bilen deňeşdirilende gowy.

Azatlyk Radiosy: Siziň sanawyňyza seredeniňde, Türkmenistan bilen Merkezi Aziýada ýerleşýän käbir beýleki ýurtlaryň, şol sanda Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň arasynda uly tapawudyň bardygy göze ilýär, onuň sebäbi näme?

J.Klugman: Ilatyň durmuş derejesiniň ösüşi barada gürrüň etsek, bu ölçegi kesgitleýän maddalardan biri hem jan başyna düşýän girdejiniň möçberidir.

Türkmenistana käbir ýurtlardan gowy baha berilmeginiň sebäbi, ine, şu mesele bilen baglanyşykly. Türkmenistanda jan başyna düşýän girdeji her ýylda 7,000 dollara, Özbegistanda 3,000 dollara we Gyrgyzystanda bolsa 2,200 dollara barabar. Şonuň üçinem Türkmenistan birneme ýokary baha aldy.

Emma käbir beýleki ugurlar, şol sanda saglyk ugrundan Türkmenistanyň derejesi gowy däl, şeýle-de Türkmenistanda ömrüň dowamlylygy hem beýleki käbir ýurtlar bilen deňeşdirilende pes, ýagny 65 ýaşa deň.

Azatlyk Radiosy: Edil menem şu zady sorajakdym, hasabatyňyzda saglyk pudagy boýunça käbir yza tesişiň bolanlygyny aýdýarsyňyz. Häzirki döwürde Türkmenistana käri boýunça lukman we öňki saglyk ministri ýolbaşçylyk edýär, Türkmenistanyň bu ugurda pes baha almagyna sebäp bolan zat näme?


J.Klugman: Gynansak-da, meniň bu mesele boýunça jikme-jik maglumatym ýok. Emma, umuman aýtsak, eger garaşylmadyk ýagdaý, ýagny AIDS wirusynyň uly möçberde ýaýramagy ýaly waka ýüze çykaýmasa, ömrüň dowamlylygynyň peselmegi o diýen çalt bolup geçýän hadysa däl.

Azatlyk Radiosy: Siz hasabatyňyzda zenanlar bilen erkekleriň arasyndaky deňsizlik we garyplyga sebäp bolýan köp ugurly elementleriň hem bardygyny aýdýarsyňyz. Bu barada gürrüň edilende, Türkmenistan hakda näme aýdyp biljek?

J.Klugman: Türkmenistanda durmuş derejesiniň peselmegine sebäp bolan zatlardan biri halk arasynda deňligiň bolmazlygydyr. Türkmenistanda bu problema beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende, has uly.

Azatlyk Radiosy: Näme diýjek bolduňyz, has anygrak aýdylsa, gürrüňini edýän zadyňyz iş ýüzünde nämäni aňladýar?

J.Klugman: Men bu barada diňe sanlara salgylanyp, maglumat berip biljek. Adamlaryň arasyndaky deňlik diýlende, biz saglyk, bilim we girdejileriň möçberi boýunça deňligi göz öňünde tutýarys.

Bilim barada aýdylanda, halk arasyndaky deňsizlik o diýen uly däl ýaly. Emma olaryň girdejileriniň möçberini göz öňünde tutsak, ilatyň arasyndaky deňsizligiň gaty uludygyna göz ýetirýäris.
XS
SM
MD
LG