Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: adam hukuklary ünsden düşenok


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň Ýewraziýa meseleleri boýunça komekçisi Filip Gordon
Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň Ýewraziýa meseleleri boýunça komekçisi Filip Gordon

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň Ýewraziýa meseleleri boýunça komekçisi Filip Gordon bilen ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Jenap Gordon, siz ýaňy-ýakyn Orsýetde saparda bolup, ýurtdaky graždan jemgyýetine degişli toparlaryň wekilleri bilen köp duşuşyklar geçirdiňiz. Şol duşuşyklarda siz Orsýetdäki käbir dawaly problemalara, şol sanda, žurnalistleriň ölümi bilen bagly problemalara-da Birleşen Ştatlaryň öz geçirýän gepleşiklerinde üns berýändigini aýtdyňyz. Siz şeýle diýmek bilen nämäni göz öňünde tutduňyz?

Filip Gordon:
«Üns berýär» diýmek biziň bu meseläni orsýetli resmiler bilen duşuşyklarymyzda ähli derejelerde yzygiderli gozgap gelýändigimizi aňladýar. Biziň Orsýet bilen bilelikde dürli hili syýasy we strategik meseleleriň üstünde işläp gelýändigimizi hemmeler bilýär. Biziň pikirimizçe, bu ugurda taraplaryň ikisiniň-de bähbitleri üçin uly öňedigişlikler gazanyldy.

Mundan daşary, bu oňyn öňegidişlikler iki ýurduň arasyndaky ylalaşmazlyklaryň üstünde işlemekde-de birek-birege has köp ynamyň bolmagyna hem ýardam edýär diýip hasaplaýarys.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, biziň liderlerimiziň, ýagny, prezident Obamanyň we Döwlet sekretary Klintonyň syýasy hem-de strategik hyzmatdaşlyklara uly üns berýändiklerine garamazdan, olar Orsýetdäki graždan aktiwistleriniň ölümi we adam hukuklarynyň ýagdaýy bilen bagly bizi örän alada goýýan problemalary hiç haçan-da ünsden düşürmän gelýärler.

Aktiwistleriň ölümi bilen bagly käbir meseleler henizem çözgütleri hem-de derňewleri talap edýär. Käbir meseleler bolsa jenaýat işleriniň gozgalmagyny talap edýär. Biziň prezidentimiz mümkinçilik bolan ýagdaýynda bu meseleleri gozgap gelýär.

Azatlyk Radiosy: Jenap Gordon, geçen ýekşenbe güni Ukrainada geçirilen regional saýlawlar prezident Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýetini has-da berkiden ýaly görünýär. Öz gezeginde, Ýanukowiç Moskwa tarapdar syýasatçy hasaplanylýar. Eýsem, Amerikanyň Birleşen Ştatlary häzirki Ukrainanyň mämişi rewolýusiýanyň reformalaryndan daşlaşmagy barada nähilidir bir alada bildirýärmi?


Filip Gordon: Ozaly bilen, geçen ýekşenbe güni geçirilen saýlawlar barada aýtsam, biz bu soňky saýlawlary şu ýylyň başynda Ukrainada geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň derejesinde açyk we adalatly saýlawlar boldy diýip hasaplamaýarys. Wise-prezident Josef Baýden prezident Ýanukowiç bilen duşuşygynda demokratik reformalaryň dowam etdirilmelidigi barada-da gürrüň etdi.

Umuman alnanda, Ukrainanyň häzirki hökümeti ýurtda demokratiýany ösdürmek isleýändigini aýdýar. Bizem ýurduň hökümeti bilen şu ugurda bile işleşmek isleýäris.

Elbetde, Ukrainanyň häkimiýetleri özleriniň Orsýet bilen Günbataryň arasynda deňagramly ýagdaýda daşary syýasat alyp barjakdyklaryny aýdýarlar. Biz hem öz gezegimizde, olaryň bir wagtyň özünde Orsýet bilenem, Birleşen Ştatlar bilenem, Ýewropa Birligi bilenem gowy gatnaşyklary saklap bilmekleriniň mümkindigini aýdýarys. Biz şu aýdýanlarymyzyň iş ýüzünde mümkindigini subut etmek üçin Kiýew bilen hyzmatdaşlyklara çalşarys.

Azatlyk Radiosy: Jenap Gordon, Azerbaýjandaky Daglyk-Garabag regiony bilen bagly meselelerde soňky wagtlar Orsýet Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky gepleşiklerde esasy rol oýnaýja öwrüldi diýen garaýyşlar bar. Siz şu barada nähili pikir edýärsiňiz?

Filip Gordon: Beýle pikir bu meselä uly üns berip gelýän Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary üçin bir täzelik bolup eşidilse gerek. Ol Daglyk-Garabag meselesi boýunça Fransiýa bilenem, Orsýet bilenem, Azerbaýjan we Ermenistan tarapy bilenem işleşmeklige örän köp wagt sarp etdi. Şu ýylyň iýulynda onuň bu iki ýurda eden saparyny-da muňa mysal hökmünde getirip bolar.

Elbetde, siziň bu aýdanlaryňyz Daglyk-Garabag konflikti boýunça araçyl toparyň roluny oýnaýan biziň Minsk toparymyz üçinem, toparyň egindeş başlygy Robert Bradke üçinem täzelik bolsa gerek. Ol bu meseleler boýunça iki ýurduň arasynda aňryk-bärik gatnap, fransuzlar we ruslar bilenem gepleşikler geçirip, örän köp wagtyny sarp etdi.
XS
SM
MD
LG