Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tbilisi rus içalylaryny tutandygyny aýdýar



Öňki sowet respublikasy Gürjüstan Orsýet üçin içalyçylyk edenlikde aýyplanýan 13 adamy ele salandygyny aýdýar. Tutulanlaryň 4-si Orsýetiň raýatlary, 9-sy bolsa Gürjüstanyň öz raýatlary. Olar Günorta Ossetiýa regiony sebäpli Orsýetiň Gürjüstana çozmagyndan iki ýyl geçensoň Moskwanyň haýryna içalylyk edenlikde aýyplanýarlar.

Gürjüstanyň aňtawçylyga garşy iş alyp barýan edarasynyň başlygy Otar Orjonikidzäniň anna güni metbugat konferensiýasynda aýtmagyna görä, içalylykda günäkärlenýänleriň köpüsi harby pilot. Olar Gürjüstanyň harby güýji barada Orsýetiň harby aňtaw gullugyna maglumat ýetirýän içaly toparyna goşulypdyr.

“Bu operasiýanyň üstünlikli bolmagyna ilkinji nobatda goşant goşan zat daşary ýurtlaryň gizlin gullugy bilen hyzmatdaşlyk edendigini boýun alan adamlaryň günäsini geçmek barada hökümetiň 2006-njy ýylda çykaran karary. Bu operasiýa birnäçe adam Içeri işler ministrligine gelip ýüz tutandan soň planlaşdyryldy” diýip, Orjonikidze aýtdy.

Anna güni Gürji telewideniýesi tutulanlaryň käbiriniň öz günälerini boýun alyşlaryny efire berdi. Onda Gürjüstanyň bir harby işgäri 2004-nji ýylda Moskwanyň haýryna içalylyk etmegi üçin özüniň gorkuzylyp, aldawa düşendigini öňe sürdi.

Gürjüstanyň resmileriniň aýtmagyna görä, içaly toparynyň merkez edinen ýeri öňki separatistik region Adjara bolupdyr. Tbilisi bu welaýaty 2004-nji ýylda yzyna alypdy.

“Agence France-Presse” gullugynyň maglumatyna görä, tussag edilen dört sany ors raýatlarynyň biri Orsýetiň GRU edarasynyň (Glavnoye Razvedyvatelnoye Upravleniye) ofiseri. Beýleki ikisi port barlagy kompaniýasynyň işgäri, biri bolsa ýerli telekeçi.

Orsýetiň reaksiýasy

“Içalylar tutuldy” diýen habar Orsýet bilen Gürjüstanyň arasyndaky dartgynlygy artdyrdy. Moskwada Daşary işler ministrliginiň bir sözçüsi bu habarlara jogap bermezden öň resmileriň ýeterlik maglumata garaşýandyklaryny aýtdy.

Ýöne “Interfaks” habar agentligi Daşary işler ministrliginiň ady agzalmadyk bir resmisine salgylanyp, bu adamlaryň tutulmagyna Orsýetiň “gaty gaharlydygyny” habar berdi.

Separatistik region Günorta Ossetiýa sebäpli 2008-nji ýylda Orsýet Gürjüstana goşun süreli bäri bu iki ýurduň arasynda gatnaşyk ýok. Orsýet Günorta Ossetiýada we beýleki separatistik region Abhaziýada müňlerçe esger saklaýar. Bu hem Fransiýanyň araçylygy bilen atyşyklary bes etmek barada gelnen ylalaşyga çapraz gelýär.

Moskwa bu separatisitik regionlary garaşsyz döwletler diýip ykrar etdi. Ondan soň Orsýetiň kararyna eýeren diňe Nikaragua, Wenesuela we Ýuwaş okean adasy Nauru boldy.

Gürjüstan soňky ýyllarda Orsýete içalyçylyk edenlikde aýyplap, birnäçe adamy tussag etdi. 2006-njy ýylda Orsýetiň dört sany harby işgäri tutulanda Moskwa muňa reaksiýa hökmünde Gürjüstana barýan transport ýollaryny wagtlaýyn kesip, gürji harytlaryna söwda embargosyny girizipdi.

Habarlarda Gürjistanda öten aý hem içalyçylykda aýyplanyp, 20 adamyň tussag edilendigi aýdylýar.

Anna güni Orsýetde harby aňtaw gulluklarynyň güni bellenildi. Gürjüstandaky metbugat konferensiýasy hem şoňa gabat geldi.
XS
SM
MD
LG