Ýöne bu golaýda ozalky sowet respublikalarynyň ikisine edilen elektron hüjümleri Moskwadan görýänlerde uly alada döredýär. Olar Günbataryň bu ugurda gazanan üstünlikleriniň elektron urşuny turuzmakda ulanylmagyndan howatyr edýärler.
Arnold Şwartsneggeriň geçen aý Moskwanyň eteginde baryp gören ýerinde göz eglener ýaly üýtgeşik zat ýok. Sebäbi ABŞ-nyň Kaliforniýa statynyň Silikon jülgesindäki elektron merkezine meňzeşlikde rus Silikon jülgesini döretmek üçin Moskwanyň etegindäki bu Skolkowa ilatly punktynyň saýlanyp alnanyna entek köp wagt geçenok.
Prezident Dmitriý Medwedew bu proýekt arkaly özüniň nebite garaşly ýurduny okgunly ösdürmek isleýär. Kaliforniýanyň gubernatory bu ýere «Google» we «Microsoft» ýaly ençeme elektron-tehnoloigiýa firmalaryndan möhüm adamlaryň kiçiräk bir topary bilen bile sapar etdi.
Ruslar bu adamlardan öz uly tutumly planlaryny amala aşyrmak üçin zerur bolan tehnologiýa garaşýarlar.
«Gubernator» keltejik Medwedewi «iş prezidenti» we «beýik öňdengörüji» hökmünde taryplyp, öz roluny keýpihon oýnady we Skolkowanyň daşary ýurt maýadarlary üçin «altyn känidigini» aýtdy. Arnold Şwartsnegger: «Men bu ýerde kaliforniýalylar bilen bilelikde ullakan gudrat we ägirt senagat ösüşini döredip bileris diýip pikir edýärin» diýdi.
Orsýetiň niýetine ynanmaýarlar
Başgalar Kremliň daşary ýurtlardaky tehnologiýa kompaniýalarynyň ýüzlerçesi bilen hyzmatdaşlyk etjek bolmagynyň diňe ýagşy niýetden ugur alýandygyna ynanmaýarlar.
Seatlde ýaşaýan elektron howpsuzlygy boýunça ekspert Jeffriý Karryň pikirine görä, rus tehnologiýa senagatynyň äpet «bally pitisinden» peýda görjekleriň arasynda internet hereketiniň her bir gymyldysyna gözegçilik edip oturan howpsuzlyk gulluklary hem bolar.
Jenap Karr bu hakda şeýle diýýär: «Eger siz bir binada sim çekjek bolsaňyz, muny etmegiň iň gowy wagty onuň gurulýan mahalydyr. Şuny nazara alaňda, men bu işi içerki howpsuzlyk gulluklarynyň maglumat ýygnamagy üpçin edilýän uly bir göçüm diýip, pikir edýärin».
Bu ýagdaý howpsuzlyga gezek gelende Moskwa täze global wehimiň, elektron uruş howpunyň örňedilmeginiň öňüni çekýär diýip çaklaýan günbatar ýurtlarynyň arasyndaky aladany has-da güýçlendirdi.
Dogrusy, bu howp jemgyýetçilik ünsüni özüne ilkinji gezek 2007-nji ýylda, Estoniýadaky internet saýtlaryna hüjüm edilende çekdi. Özem ol Moskwa bilen Estoniýanyň arasynda gep uruşdyrylýan wagta gabat geldi. Şol günler Moskwa Gyzyl goşunyň esgerine dikilen ýadygärligiň Talliniň merkezinden başga bir ýere göçürilmegi sebäpli gazaba münüpdi.
Şonda Estoniýanyň parlamentine, dürli ministrliklerine we banklaryna, beýleki guramalaryna degişli internet saýtlaryň bir toparyna birbada electron hüjümleri gurnalypdy we ol uly kynçylyklary döredipdi. Ýagny, ol saýtlar wagtlaýynça iş, hyzmat prosesini togtatmaly bolupdy.
Estoniýanyň goranmak ministri Ýaak Aawiksunyň pikirine görä, bu elektoron hüjümleriniň milli howpsuzlyga wehim salyp biljeginiň ilkinji hakyky duýduryşy bolupdy. Eston ministri sonda: «Bu hüjümleriň häsiýeti, olaryň ýokary derejede koordinirlenişi we bir ugra gönükdirilişi olaryň aňyrsynda saldamly maddy we adam resurslarynyň bardygyny aňladýar» diýipdi.
Jenap Aawiksu bu hüjümiň arkasynda rus hökümetiniň duranlygyny aňladýan gytaklaýyn delillerden başga zadyň azdygyny aýtsa-da, eston çinownikleri barybir ony Kremlden gördüler. Moskwa bu aýyplamalary inkär edýär. Emma şol hüjümden soň kän wagt geçmänkä, rus parlamentiniň görnükli agzalarynyň biri bu hüjümi öz işgäriniň ýeke özüniň gurnandygyny aýdyp öwnüpdi.