Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň raportynda «bäşlik» alan ýok


ÝB-niň giňeldilmek meselesi boýunça komissary Stefan Fule Brýusselde metbugat konferensiýasynda. 9-njy noýabr, 2010.
ÝB-niň giňeldilmek meselesi boýunça komissary Stefan Fule Brýusselde metbugat konferensiýasynda. 9-njy noýabr, 2010.

Ýewropa Bileleşigine agza bolmak üçin dalaş edýän ýurtlaryň agzalyga kabul edilmegi ugrunda eden işleri barada ýörite hasabat ýaýradyldy.


Düýn Ýewropa Komissiýasy tarapyndan kabul edilen we «Progres raporty» ady bilen ýaýradylan bu hasabat geçen ýyl Lissabon şertnamasynyň güýje gireli bäri geçen döwrüň içinde ýaýradylan şeýle hasabatlaryň ilkinjisidir.

Bileleşigiň giňeldilmegi bilen bagly mesele boýunça ýörite komissary Stefan Fule bu raport barada düýn Brýusselde geçiren metbugat ýygnagynda ÝB-niň giňeldilmeginiň zerurdygy baradaky pikirini ýene bir gezek gaýtalady.

Ýewropa Bileleşiginiň wekili Stefan Fule ÝB-ni giňeltmegiň Bileleşigiň bähbidine laýyk gelýänligini belledi we “öz agzalarymyzyň sanyny artdyrmak Ýewropanyň halkara güýjüni artdyrmaga-da ýardam eder” diýip, nygtady.

Bileleşigiň täsiri barmy?

Ýewropa Bileleşiginiň bu ýylky hasabatyna üns berseň, Bileleşik ýa-ha goňşy ýurtlarda reformalaryň gidişinde ýeterlik rol oýnamagy başarmandyr ýa-da onuň goňşulary özlerini reformalaşdyrmak prosesini gowşadypdyr. Sebäbi, hasabatda Ýewropa Bileleşigine agzalyk boýunça iş alyp barýan ýurtlardan hiç biri o diýen bir gowy baha almandyr.

Stefan Fule agzalyk boýunça gepleşiklerde iň öňde barýan we hatda geljek ýyl Ýewropa Bileleşigine agza bolmagyna garaşylýan Horwatiýada-da agzalyk boýunça käbir standartlaryň ýerine ýetirilmänligini aýtdy.

Bileleşigiň giňeldilmegi bilen bagly mesele boýunça ýörite komissary Stefan Fule gepleşikleriň soňky tapgyry bolan adalat sistemasy, fundamental hukuklar we korrupsiýa garşy göreş baradaky talaplary berjaý eden halatynda Horwatiýa bilen agzalyk boýunça gepleşikleriň tamamlanyp biljerkdigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, Horwatiýa bu talaplary hökmän ýerine ýetirmeli.

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan berilýän kömekleri talap edilişi ýaly ulanmakda bärden gaýdanlygy anyklanansoň, 2007-nji ýylda Bolgariýa bilen Rumyniýanyň öňünde hem şeýle talaplar goýlupdy.

Bileleşigiň talaplary

Stefan Fule şu günki eden çykyşynda Ýewropany giňeltmek işiniň dowam etdiriljekdigini, emma agzalyga 100% taýýar bolmadyk halatynda, hiç bir ýurduň Bileleşige kabul edilmejekdigini mälim etdi.

Bileleşige agzalyga kandidat ýurtlardan biri bolan Makedoniýa mundan ozal ÝB-niň syýasy kriteriýalaryndan ybarat ýörite talaplaryň sanawy berlipdi. Emma soňky raportda ÝB ýene-de ýerine ýetirilmeli punklardan ybarat uzyn bir sanawy Makadoniýa gowşurdy.

Şol sanaw sýyasy toparlaryň arasynda dialog, kanunçylyk we ýurdy dolandyrmak boýunça administrasiýany reformalaşdyrmak, korrupsiýa garşy göreş, söz azatlygy we ýurduň biznes klimatyny gowulandyrmak ýaly punktlary öz içine alýar.

Mundan daşary, raportda ýurtda dowam edýän syýasy çekeleşikleriň döwlet institutlarynyň näderejede durnuklydygy barada-da sorag döredýänligi bellenip, Albaniýa hem progressiw reformalary dowam etdirmeklik maslahat berildi.

Gowulyklar we ýetmezçilikler

ÝB-e agzalyga dalaş edýän ýurtlar barada taýýarlanan bu raportda Serbiýanyň kandidaturasynyň pugtalygy mälim edilýär. Emma, şol bir wagtda-da, ýurtda syýasy taýdan kemçilikleriň bardygy hem-de adalat sistemasy we administratiw dolandyryş boýunça reformalary has güýçlendirilmegiň zerurdygy bellenilýär.

Emma Serbiýanyň başga-da iki sany uly problemasy bar. Olardan biri onuň Kosowanyň garaşsyzlygyny ykrar etmezligi, beýleki biri bolsa Halkara harby tribunaly tarapyndan talap edilýän iki uruş jenaýatçysyny tribunala tabşyrmakda ýeterlik alada etmeýänligidir.

Hasabatda Türkiýe bilen bagly meselä hem garalypdyr. Ýewropa Bileleşigine girmäge ymtylýan Türkiýäniň öňündäki uly päsgelçiliklerden birem Ankaranyň Kipriň grekler tarapyndan dolandyrylýan bölegi bilen gatnaşygyny kadalaşdyrmak ugrunda ýeterlik tagalla etmeýänligi bolup durýar.

Şeýle-de, Ýewropa Komissiýasynyň raportynda Türkiýäniň syýasy reformalara çemeleşişi baradaky ýagdaý hem berk tankyt edilýär. ÝB-niň Türkiýe boýunça dokladçysy Riýa Oomen Ruijten Türkiýe baradaky hasabatynda Türkiýede metbugata we söz azatlygyna basyş edilmegi hem-de käbir websaýtlaryň gadagan edilmegi ýaly wakalaryň dowam edýänligini we munuň plýuralistik jemgyýetde kabul ederlikli ýagdaý däldigini ýazýar.
XS
SM
MD
LG