Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gorka näme sebäp bolýar?


Türkmenistanyň güýç ulanyjy edaralarynyň geçen 10 aýdaky işleriniň jemlerine bagyşlanylan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow bu gulluklardan yzygiderli ýagdaýda ýörite maksatlaýyn çäreleri geçirmegi talap etdi.


Türkmenistanyň habar serişdeleri bu «maksatlaýyn çäreleriň» sebäpleri we jikme-jikligi barada maglumat bermediler. Emma olaryň maksatlaryny hem-de öňde durýan wezipelerini prezidentiň hut özi öz çykyşynda ýaňzytdy we olaryň howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilmelidigini nygtady.

Görnüşi ýaly, bu ýörite çäreleriň jikme-jigi ýapyk gapylaryň aňyrsynda maslahat edilen bolmaly. Emma, olaryň durmuşda anyk peýda bolşuny bütin jemgyýetiň ýakyn wagtlarda duýmagy ahmal. Eger prezidentiň ýörite gulluklara ýüzlenmeginiň sebäplerini ölçersek, onda Merkezi Aziýanyň häkimiýetlerini alada goýýan bir faktory ünsden düşürip bolmaz.

Radikal yslam faktory

Bu faktor - radikal yslamyň regiona ýaýramagy bilen baglynyşykly faktordyr. Yslam radikalizmi hatda daşky dünýäden juda üzňelikde, syýasy ýapyklykda ýaşaýan Türkmenistana hem aralaşyp, türkmen jemgyýetine ýaýramagyň ýollaryny tapýar.

Üstesine-de, ýurtda nägilelik üçin sebäpler ýeterlik. Ol daşary ýurtlarda okamaga ýol berilmeýän ýaşlaryň köpçüligi we eklenje mätäçleriň arasynda käbir hasaplara görä 30%-e ýetýän işsizligiň giň ýaýramagy. Hut şu ýagdaýyň hem adamlary radikal dini merkezlere goşulmaga iterip biljekdigine geň galyp bolmaz.

Elbetde, gazaply režimlerde dini fanatizmiň ojaklarynyň juda seresaply hereket etjekdigi duşnükli. Emma fanatizmiň özüniň mydama seresaply bolup bilmejekdigi hem köre hasa. Fanatizmiň öz tebigaty aktiwligi talap edýär. Hut şonuň üçin-de Türkmenistanyň ýörite gulluklary bireýýäm ýurtdaky türk mekdeplerine we edaralaryna, şol sanda, Eýran medeni merkezlerine-de uly üns bilen gözegçilik edýär.

Şeýle-de, Milli howpsuzlyk ministrligi fanatiki ideýalaryň goňşy döwletlerden, ylaýta-da, Özbegistandan ýaýramagynyň mümkindigini äsgermezçilik edip bilmez.

Merkezi Aziýanyň hökümdarlaryny aýratynam “Özbegistanyň yslam hereketi” atly söweşjeň topar uly alada goýýar. Bu gurama öz hereketlerini Merkezi Aziýa döwletlerinde giňden ýaýbaňlandyrmaklygy maksat edinýändigini gizlemeýär. Şol sebäpden prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň howpsuzlygyny pugtalandyrmak baradaky talabynyň türkmen-özbek serhedinde hasam ýiti duýuljakdygyny çaklamak mümkin.

Ýakynda Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowyň Türkmenistana sapary wagtynda dabara bilen nygtalan «iki ýurduň berk dostlugynyň» türkmen-özbek serhedindäki gözegçiligi pugtalandyrmaga päsgel bermejekdigine şübhelenmese bolar.

Demokratiýa gorkusy

Gyrgyzystandaky wakalar hem Merkezi Aziýanyň awtoritar liderleriniň “kejebesini daraldýar”. Merkezi Aziýa hökümdarlarynyň has-da beter gonjuna gor guýýan zat – Gyrgyzystanyň prezidentlik dolandyryşdan ýüz öwrüp, parlamentar sistemasyna geçmegidir. Goňşy ýurtlaryň awtoritar liderleri bu başlangyjyň gorkusynyňam özleri üçin radikal yslamyňkydan pes däldigini aňýandyrlar.

Eýsem, Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň Gyrgyzystandaky wakalar barada dymmaklary hut şol sebäpler bilen baglanyşykly dälmi näme? Elbetde, türkmen güýç ulanyjylary radikal yslam bilen bir hatarda gyrgyz göreldesine eýerilip, liberal pikirleriň peýda bolmagyny hem ünsden düşürmeýärler.

Ähli şygarlara we demokratiýa barada edýän tükeniksiz gürrüňlerine garamazdan, türkmen häkimiýetleri ilaty doly tabynlykda saklamak üçin güýç ulanyjy edaralary profilaktiki we duýduryş guraly hökmünde ulanmagy dowam etdirýärler. Häkimiýetler jemgyýet bilen özara dialogda güýç ulanmakdan asla el çekip bilmeýärler.

Garaşsyz žurnalistler bu basyşy has-da ýiti duýýarlar. Garaşsyz žurnalistleriň sesini sem etmäge synanyşýan howpsuzlyk gulluklary bu meselede sowet çekistleriniň haýbat atmak we şantaž praktikasyny diňe žurnalistleriň öz garşysyna däl, eýşe olaryň dogan-garyndaşlaryna garşy hem ulanýarlar.

Ine, indi prezidentden bu ugurda täze görkezmeler hem gowuşdy. Oňa nähili at berilýändiginiň kän bir parhy ýok. Goý, oňa güýç ulanyjylary mobilizlemek diýsinler ýa-da berk hüşgärligiň nobatdaky barlagy diysinler, ýöne ahyrsoňy onuň netijesiniň ýene halka görkezilýän basyşlary has-da güýçlendirmek bolup çykmasa ýagşydyr.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG