Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Mýanmaryň oppozisiýa lideri Su Çi ýene syýasy sahnada


Şu geçen hepde öý tussaglygyndan boşadylan Mýanmaryň meşhur oppozisiýa lideri Auňg San Su Çi düýn ilkinji gezek jemgyýetçilige açyk syýasy ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Hanym Su Çi öz çykyşynda indi onlarça ýyl bäri demokratiýa ugrunda alyp barýan göreşini mundan beýläk ýene-de dowam etdirmekçidigini nygtady.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, ol Mýanmaryň beýleki syýasy partiýalaryny we dolandyryjy harby huntasyny özara gepleşiklere hem-de ylalaşyklara çagyrdy.

Nobel baýragynyň laureaty Auňg San Su Çi oppozision işlere bagyşlan öz ömrüniň soňky 21 ýylynyň 15 ýylyny türmede ýa-da öý tussaglygynda oturyp geçirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG