Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalizmiň “moskwaça” ülňüsi


Orsýetde soňky wagtlarda žurnalistleriň rehimsizlik bilen urlup-ýenjilmegi media erkinligi boýunça bu ýurda berilýän bahanyň dyngysyz aşaklamagyna getirdi. Moskwanyň özünde-de ýagdaý ýaramaz welin, ýöne has ýamany onuň betbagtçylygyň merkezine öwrülip, öz zyýanyny tutuş öňki sowet giňişligine ýetirýänliginde.

Geografik we syýasy taýdan episentre ýakynrak ýerlerde hem bu sarsgyn güýçli duýulýar. Munuň aýdyň mysaly: gitdigiçe Moskwa tarap omzaýan Ukrainadyr. Bu ýerde Wiktor Ýanukowiç prezidentlige saýlanaly bäri Döwlet howpsuzlyk gullugy žurnalistleri gorkuzýanlykda, olara basyş edýänlikde aýyplanýar.

Ukrainanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň başlygy Waleriý Horoşowskiý öten hepde Brýussele geldi. Ol diňe saýlanyp çagyrylan žurnalistler bilen gürleşmäge wagt tapdy. Ýöne onuň beren düşündirişleri Kiýew žurnalizm işinde Günbatar ýurtlarynyň aglabasynda ykrar edilýäninden tapawutly ülňülerden ugur alýar diýen şübhäni güýçlendirdi. Muňa “Žurnalizmiň moskwaça ülňüsi” diýse bolar.

Horoşowskiniň ulanan esasy sözi “jogapkärçilik” boldy. Onuň aýtmagyna görä, geçen bäş ýyllykda Ukraina “jogapkärçiligi ýitiripdir” – häkimiýetlerem, jemgyýetçilik sferasy-da, media-da. Azatlyk Radiosy: “Jogapkärçilik näme? Ol žurnalistlere gezek gelende, nämäni aňladýar?” diýip soranda, Horoşowskiý: “Žurnalistleriň jogapkärçiligi wepadarlyk” diýip, jogap berdi. Soň hem: “Žurnalistler öz işlerini etmeli. Ilkinji orunda durýan dogruçyllyk” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

“Žurnalizmiň moskwaça ülňüsi” boýunça žurnalizm diňe maglumat üçin gural, geçiriji. Beýleki hünärlerde bolşy ýaly, ol hem hakyky syýasy özygtyýarlylyga darkaş etmeli däl.

Günbataryňka ters

Bu bolsa Günbatarda (iş ýüzünde hemişe bolup durmasa-da, iň bärkisi, teoriýada) žurnalizme garalyşyna düýbünden ters. Žurnalizm bu ýerde graždan jemgyýetiniň eýeçiligindäki öz erkli mülk hasaplanýar. Onuň kanuny ýagdaýda syýasaty halka düşündirmegine, ýöredilýän syýasaty tankytlamagyna, häkimiýetleriň işine gorkusyz-ürküsiz gözegçilik etmegine garaşylýar.

Žurnalizm graždan jemgyýetiniň güýjüne güýç goşýar. Graždan jemgyýetiniň ösmäge pursat ýa mümkinçilik tapmadyk ýurtlarynda bolsa, tankytçylara oppozisiýa hökmünde garalýar. Häkimiýet başyndakylary kanagatlandyrarlyk derejede syýasatdan ýörite daşlaşmadyk her bir zat syýasy bolup durýar.

Ähli syýasatyň maksady häkimiýeti ele almak (bu kesgitlemäni öz ýatlamalarynda Britaniýanyň öňki premýer ministri Toni Bleýr hem hödürleýär). Öňki Sowet giňişliginde graždan jemgyýetiniň ýol almagyny kynlaşdyrýan zadyň Ýewropa Bileleşigi we ABŞ tarapyndan bu ugurda görkezilýän gysyşyň ýok diýerlikdigini-hä aýdybam ýörmeli däl.

Bu ýagdaý Gürjüstanda barha aýdyňlaşýar. Bu ýerde telewideniýe we gazetler ýa ‘hökümetiňki’ ýa-da ‘oppozisiýanyňky’. Aslynda myhmanhanalar we restoranlar-da şu kategoriýa girýär. Belarusy, Azerbaýjany we Ermenistany-ha agzabam oturmaly däl. Indem gezek Ukraina ýetene meňzeýär.

Ahto Lobýakas Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Brýusseldäki habarçysy. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG