Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň ozalky meri Lužkowyň aýalynyň işi derňew astynda


Düýn Orsýetiň prokuraturasy Moskwa şäheriniň ozalky meri Ýuriý Lužkowyň ýolbaşçylyk eden döwründe ýer uçastoklarynyň bikanun satylmagy bilen baglanyşykly işler boýunça jenaýat işini gozgady.

Bu gürrüňi edilýän jenaýatçylyk işi Ýuriý Lužkowyň biznesmen aýaly Ýelena Baturinanyň gurluşyk firmasyna degişli kanun bozmalary-da öz içine alýar.

Prokuraturanyň bu baradaky beýanatynda häzirki gozgalan jenaýat işinde Moskwanyň günbatar raýonynda 16 gektar ýeriň bikanun eýelenilmegi bilen baglanyşykly işe garalýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG