Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Näme? Nirede? Haçan?»


Ýakynda Ysraýylyň Eýlat şäherinde geçirilen «Что? Где? Когда?» («Näme? Nirede? Haçan?») oýny boýunça intellektual bäsleşiginiň dünýä çempionatynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentden gelen «Nikita Mobaýl TeTe» komandasy ýeňiji boldy.

Daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, noýabryň 11-inden 14-i aralygynda geçirilen bu bäsleşige dünýäniň 15 döwletinden 80 topar gatnaşypdyr. Şol toparlaryň arasynda Türkmenistandan gelen wekiller hem bar.

Türkmenistanyň komandasynyň ady “Ва-банк - вайлд-кард ОК ЧМ” diýlip atlandyrylýar. Eýlatda geçirilen ýaryşa bu topardan Anton Perepelisa (kapitan), Hemra Atabaýew, Dmitriý Runenkow, Marina Sarenko, Olga Uspanowa we Aleksandr Uspanow dagylar gatnaşypdyrlar.

«Что? Где? Когда?» oýny boýunça dünýä çempionaty bütindünýä intellektual oýunlarynyň hatarynda iň bir dabaraly wakalaryň biri hasaplanýar. 2002-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu bäsleşigiň şu ýylkysy eýýäm sekizinjidir.

Bu ýaryş ozal Bakuda, Ýaroslawlda, Kaliningradda ýerli häkimiýetleriň ýardam bermeginde geçirildi. Bakuda geçirilen ýaryşyň dabarasyna Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň gatnaşandygy barada hem habar berilýär.

1975-nji ýylda Wladimir Woroşilowyň başlangyjy bilen döredilen «Что? Где? Когда?» telewiktorinasyna türkmen tomaşaçylary häli häzir hem höwes bilen seredýärler. Sebäbi bu wiktorina beýleki paýhas oýunlaryndan has gyzykly hem-de özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar.

Türkmenistan öz garaşsyzlygyna eýe bolansoň, türkmen telewideniýesinde-de intellektual bäsleşiklerini döretmegiň ençeme synanyşyklary bolupdy. Ýöne olaryň köpüsi mawy ekranda uzak saklanyp bilmeýärdi.

Türkmen telewideniýesinde...

Häzirki wagtda milli telewideniýäniň «Altyn asyr» kanalynda «Özüňi syna», «Miras» kanalynda bolsa «Syrly göçüm» ady bilen hepdede bir gezek paýhas oýunlary berilýär. Emma olaryň gurnalyşy hil taýdan juda ýöntem hasaplanýar.

Oýunlarda berilýän sowallaryň gowşak düzülmegi, ýaryşa gatnaşdyrmak üçin saýlanylyp alnanlaryň intellektual derejesine üns berilmezligi bu wiktorinany gyzyksyz edýär. Şonuň üçin ol wiktorinalaryň reýtingi ilat arasynda juda pes.

Paýhas oýunlaryna diňe bir telewideniýede däl, eýsem umuman, tutuş Türkmenistanda düýpli üns berilmeýär. Ýöne muňa garamazdan, ýurtda «Что? Где? Когда?» oýny boýunça höwesjeň intellektual toparlar, azam bolsa bar. Olara hiç kim hemaýatkärlik etmeýär.

Türkmenistanda höwesjeň intellektual toparlar öz aralarynda ýaryşlary gurnaýarlar, daşary ýurtlarda geçirilýän bäsleşiklere gatnaşýarlar. Şeýtmek bilen olar sowatly, intellektual ýaşlary öz hatarlaryna jemleýärler.

Şunuň ýaly intellektual toparlarlaryň barlygy hakda ýerli habar beriş serişdelerinde maglumatlar berilmeýär. Höwesjeň ýagdaýda hereket edýän bu toparlaryň derejesiniň ösmegi üçin hiç kim aladalanylmaýar.

Hiç bir babatda daşyndan goldawyň bolmazlygy netijesinde höwesjeň bu toparlar halkara bäsleşiklerinde-de tapawutlanyp bilmeýärler. Bu Ysraýylda geçen bäsleşikde-de şeýle boldy.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
XS
SM
MD
LG