Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Nabukko" proýekti agzalmady


Aşgabatda açylan «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2010» atly 15-nji halkara sergisinde "Nabukko" proýektiniň paýdary "RWE AG" kompaniýasynyň burçy, 17-nji noýabr.
Aşgabatda açylan «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2010» atly 15-nji halkara sergisinde "Nabukko" proýektiniň paýdary "RWE AG" kompaniýasynyň burçy, 17-nji noýabr.
Çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda açylan «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2010» atly 15-nji halkara sergä hem-de konferensiýa gatnaşyjylara ýollan gutlag hatynda Türkmenistanyň öz energiýa pudagynda Hytaý we Eýran bilen aradaky gaz geçirijä hem-de “Transowgan” gaz geçiri proýektine uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Ýöne ol Ýewropa we ABŞ tarapyndan goldanylýan “Nabukko” proýektini agzamady.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň žurnalisti Merdan Saryýew Rumyniýanyň “Money Chanell” telekanalynyň ykdysady maslahatçysy we energiýa meseleleri boýunça ekspert Dan Susio bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Dan Susio, prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň nebit-gazy barada Aşgabatda açylan halkara konferensiýasyna gatnaşyjylara ýollan gutlagynda Hytaý, Eýran bilen energiýa hyzmatdaşlygy, “Transowgan” gaz geçiri proýekti barada aýdyp, “Nabukko” proýekti barada hiç zat aýtmady. Siziň pikiriňizçe, munuň näme sebäbi bolmagy mümkin?

Dan Susio: Görşümiz ýaly, “Nabukko” proýektiniň amala aşyrylmagy biraz ileri çekilýär. Asyl proýekte görä, eýýäm, 2010-njy ýylda gazgeçirijini gurmak işleri başlanmalydy. Emma bu işler häzirlikçe 2012-nji ýyla çenli gaýra süýşürildi. Munuň sebäbi “Nabukkonyň” partnýorlary bilen, ýagny proýekti nebit we gaz bilen üpjün etjek ýurtlar bilen ylalaşyklarynyň tamamlanmanlygydyr. Şu sebäpli häzir bu proýekt boýunça köp päsgelçilikler döredi.

Ýöne, muňa garamazdan, bu päsgelçiliklere düşündiriş bermek mümkin. Biziň görşümiz ýaly, Ýewropa Bileleşigi häzir ýewronyň we guramanyň durnuklylygyny saklamaga degişli meseleleri çözmek bilen başagaý. Şol kynçylyklar sebäpli Ýewropa Bileleşigi “Nabukko” proýektini gün tertibindäki möhüm meseleleriň sanawyndan häzirlikçe aýyrdy. Dogrusyny aýtsam, “Nabukko” hiç haçanam Ýewropa Bileleşigini alada goýýan juda möhüm meseleleriň arasynda bolmandy.

Şu nukdaýnazardan men Türkmenistanyň başga proýektlere gyzyklanma bildirýändigine düşünýärin.

Azatlyk Radiosy: Siz prezidentiň ýüzlenmesinde bellenip geçilen Türkmenistandan Hytaýa ikinji gaz geçirijini gurmak we “Transowgan” gaz geçiriji proýektleri baradaky tagallalara nähili baha berýärsiňiz?

Dan Susio: Meniň pikirimçe, Hytaýa çekiljek ikinji gaz geçiriji proýekti üstünlikli bolar. Biz Hytaý tarapynyň bu meselä ähmiýet berýändigini görýäris. Hytaýyň şol proýekti amala aşyrmaga puly-da, syýasy islegi-de bar.

Ýöne “Transowgan” gaz geçiriji proýekti barada aýdylanda, regiondaky syýasy durnuksyzlyk göz öňünde tutulanda, bu proýektiň durmuşa geçjekdigine meniň ynamym az. Häzirki ýagdaýda bu proýektiň amala aşmagy mümkin däl diýmek hem bolar. Bu diňe gurluşyk işleri bilen bagly bolman, proýekt üçin zerur maliýe serişdelerini tapmak kynçylygy bilen hem baglydyr. Şonuň üçinde men bu proýektiň amala aşjakdygyna ynanmaýaryn.

Azatlyk Radiosy: Türkmen hökümetiniň alyp barýan energiýa syýasatyndan çen tutup, ony Günbataryň ynamly partnýory diýip atlandyrmak mümkinmi?

Dan Susio: Gynansak-da, bu mesele dolulygyna “Nabukko” proýektiniň özgerşine bagly. Ýöne, her niçigem bolsa, Türkmenistan bu proýektiň ösdürilmegine taýýar bolmaly. Sebäbi Türkmenistanyň bu ugurda edip biljek goşandy tutuş proýektiň geljekki ösüşine ýardam edip biler.

Bir zady belläp geçmek örän möhüm. “Nabukko” diňe syýasy proýekt däl, bu medeniýeti we ykdysady ösüşi hem öz içine alýar. Belkem, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen bu ugurda etjek hyzmatdaşlygy pul gazanmakdan has möhümdir.
XS
SM
MD
LG