Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO we owgan liderleri çykyş planyny çyzdylar


NATO-nyň Lissabondaky sammitiniň ikinji günündäki duşuşykdan öň ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama owgan kärdeşi Hamid Karzaý bilen salamlaşýar, 20-nji noýabr.
NATO-nyň Lissabondaky sammitiniň ikinji günündäki duşuşykdan öň ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama owgan kärdeşi Hamid Karzaý bilen salamlaşýar, 20-nji noýabr.
Lissabonda geçirilen iki günlük sammitiň dowamynda NATO-nyň liderleri Owganystandaky gözegçiligi bu ýurduň öz güýçlerine tabşyryp başlamak we bu prosesi 2014-nji ýyla çenli doly tamamlamak barada ylalaşdylar hem-de bu ýurdy entek terk etmejekdikleri barada Kabuly ynandyrdylar.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý we NATO-nyň agza ýurtlarynyň liderleri harby ýaranlygyň Owganystandan çykyş strategiýasyny maslahatlaşmak, şeýle hem raketadan goranmak we NATO-nyň 21-nji asyrda garşylaşyp biljek beýleki howplary barada maslahat etmek üçin Portugaliýa barypdylar.

“Biziň şu ýerde, Lissabonda başladan prosesimiziň netijesinde owgan halky ýene-de öz öýünde ussatlyk gazanar” diýip, NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen ýaranlygyň liderleriniň duşuşygyndan soň žurnalistlere aýtdy.

Şeýle hem ol Owganystandaky daşary ýurt esgerleriniň söweş operasiýalarynyň indiki dört ýyldan köp uzaga çekmejekdigini aýtdy we “esasy maksat 2014-nji ýylyň ahyryna çenli owgan güýçleriniň tutuş ýurtdaky gözegçilige baştutanlyk etjek derejä gelmekleri” diýip nygtady.

“Indiki ýyldan başlap, owgan güýçleri howpsuzlyk operasiýalaryna ýolbaşçylyk edip başlarlar” diýip, Rasmussen aýtdy. “Bu belli-belli etraplarda we welaýatlarda amala aşyrylar we, ýagdaýa görä, şeýle çäreler ýurduň beýleki künjeklerine hem ýaýrar”.

‘Global ähmiýeti’

Duşuşykdan öň Rasmussen “Owganystanyň terrorizme garşy göreşmegi global ähmiýete eýe” diýipdi. Ol söweşi başdan geçiren ýurduň täzeden bulaşyklyga sezewar bolmagynyň öňüni almak üçin, geçiş döwrünen soň hem ýaranlygyň öz harby güýçlerini Owganystanda sakljakdygyna wada berdi. NATO-nyň Owganystan bilen “uzak möhletli hyzmatdaşlygy söweş missiýasy tamamlanandan soň hem saklanyp galmaly” diýip, Rasmussen aýtdy.

NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen Lissabondaky duşuşykdan soň hem bu beýanatyny gaýtalap, geçiş döwründen soňky goldawy bermek üçin NATO-nyň bu ýurtda galjakdygyny aýtdy.

Portugaliýanyň paýtagty Lissabonda gol çekilen “Dowamly hyzmatdaşlyk” ylalaşygyna laýyklykda, NATO ýaranlygy Owganystany harby-howa goldawy, türgenleşdiriş, maslahat we ýük daşaýyş kömegi bilen üpjün etmäge dowam eder.

Dokumentdäki bir madda “indiden beýläk terroristleriň we terrorizmiň mekany bolmakdan dynjak özbaşdak, garaşsyz, demokratik, howpsuz we durnukly Owganystana NATO-nyň uzak möhletleýin ygrarly bolup galmagyny” hem göz öňünde tutýar.

NATO we ABŞ-nyň goşunlary tarapyndan ulanylýan usullary, şeýle hem şübheli Talyban liderlerine garşy geçirilýän gijeki operasiýalary tankyt edip gelýän Karzaý hem sammitde çykyş etdi. Duşuşyga Owganystandaky Halkara howpsuzlyk güýçlerine (ISAF) goşant goşýan, emma NATO-nyň agzasy bolmaýan ýurtlaryň wekilleri hem gatnaşdylar.

Owgan prezidenti howpsuzlygyň tabşyrylyşynyň üstünlikli boljakdygyna özüniň ynanýandygyny aýdyp, halkara jemgyýetçiliginiň “berk ygrarlylygyna” gowy baha berdi.

Käbir şübheler

Karzaý žurnalistleriň öňünde çykyş edip, Owganystanyň gaýgylaryny, şol sanda graždan ýitgilerini we daşary ýurt harbylarynyň tussag etmelerini maslahat etmek üçin Lissabondaky duşuşygyň özüne mümkinçilik döredendigini belledi. Ol Talyban bilen parahatçylygyň ýola goýulmagy babatdaky häzirki tagallalar boýunça halkara goldawyna hem kanagatlanma bildirdi.

“Biz parahatçylyk prosesi we bu prosesi dünýä liderleriniň goldamagynyň zerurlygy barada hem gürrüň etdik” diýip, Karzaý žurnalistlere aýtdy. “Gün tertibindäki umumy meseleler boýunça dünýä liderleriniň pikirleriniň sazlaşýandygyna we ylalaşýandygyna göz ýetirendigimi size hoşallyk bilen aýdýaryn”.

Sammite gatnaşýan BMG-niň baş sekretary Ban Ki-mun hem owgan gurluşlaryny “barha artýan liderligi we jogapkärçiligi” bilen gutlady. Ol Owganystanyň özbaşdaklyga geçiş prosesiniň graždan ugurlary boýunça BMG-niň goldaw berjekdigini aýdyp, ähli owgan halkyny öz içine alýan hakyky syýasy dialoga BMG-niň goldaw bermäge dowam etjekdigini bildirdi.

“Owganystanyň ýolbaşçylyk etmegindäki syýasy çözgüdiň gözlegi entek başlangyç tapgyrda” diýip, Ban aýtdy. “BMG bu prosesi goldar”.

Konferensiýa başlamazdan öň NATO-nyň we ABŞ-nyň käbir harby resmileri Talyban söweşijileri tarapyndan owgan hökümetine döredilýän kynçylyklary hasaba alyp, 2014-nji ýyly göz öňünde tutýan ahyrky möhletiň nä derejede mümkindigi barada şübhe bildirdiler.
XS
SM
MD
LG