Orsýet NATO-nyň Ýewropa Eýran ýaly Orta Gündogar ýurdundan edilip biljek raketa hüjümine garşy galkan gurmaga goşulmak teklibini oňyn garşylady, ýöne ony bada-bat kabul etmekden saklandy.
Prezident Dmitriý Medwedew şenbe güni Portugaliýanyň Lissabon şäherinde geçirilen NATO-Orsýet sammitinde çykyş edip, Moskwanyň rus tehniklerini NATO-nyň ösüş planlaryna gatnaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy. Ýöne ol bu teklibi doly kabul etmekden saklandy we Orsýetiň hyzmatdaş hökmünde deň garalmaýandygyny duýan halatynda bu tagalla goşulmakdan el çekmeginiň mümkindigini aýtdy.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Orsýetiň bu proýekte goşulmak ähtimallygyna ýokary baha berdi. Ol: «Geçmiş dartgynlyklarynyň çeşmesi umumy howpa garşy mümkin bolan hyzmatdaşlyk çeşmesine öwrülýär» diýdi.
Orsýet ABŞ-nyň öňki prezidenti Jorj Buşuň Ýewropada raketa gorag sistemasyny gurmak planyna berk garşy çykypdy. Moskwa ozal bu plany Orsýetiň milli howpsuzlygyna wehim hasaplaýardy.

Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?