Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: dünýäde AIDS-iň ýaýraýyş depgini peseldi


AIDS-iň ýaýraýyş depgini peseldi diýip, BMG-niň AIDS-e garşy göreş programmasy şu gün habar berdi.

Guramanyň maglumatyna görä, dünýäde soňky bäş ýylda WIÇ infeksiýasynyň ýaýraýşy 20% peselipdir.

AIDS-den we onuň bilen bagly döreýän kesellerden geçen ýyl 1 million 800 müň adam ölüpdir. Ol bäş ýyl mundan öňki döwür bilen deňeşdirilende 300 müň adam azdyr.

Sahara çölünden günortada ýerleşýän afrika ýurtlary WIÇ ýokaşanlaryň sany boýunça öňdäkai orunlary eýeleýär, emma şol bir wagtda bu ýurtlarda-da ýagdaýyň gowulaşýandygy bellenýär.

Munuň tersine, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda, Orsýetde, Ukrainada bu derde uçraýanlaryň sany artýar.
XS
SM
MD
LG