Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýewde müňlerçe adam salgyt reformasyna garşy proteste çykdy


Ukrainada salgyt kanunynyň üýtgedilmegine garşy düýn Kiýewde müňlerçe adam proteste çykdy. Olaryň sanynyň 6 müňe golaý bolandygy habar berilýär. Ýurduň başga şäherlerinde hem protestler boldy.

Resmi maglumatlara görä, geçen ýyl ýurduň ykdysadyýeti 15 prosent peselendigi sebäpli girdejileri köpeltmek üçin salgyt reformalaryny geçirmek zerur bolup durýar.

Protestçiler salgyt reformasynyň kiçi biznese düýpli zyýan ýetirjekdigini aýdýarlar we teklip edilen çärelere prezidentiň weto goýmagyny talap edýärler.
XS
SM
MD
LG