Gussa geldi duýdansyz,
El-aýagmy baglady.
Göýä goňras asmanda
Güneş şöhle paýlady.
Ynanjaň göreçleri
Gözüm derrew belleýär.
Depämde gara bulut,
Golaýda düýpsüz uçut.
Masgarabaz melgunlar
Doldurdylar ýurdumy.
Ýa-ha aglamaly, ýa
Ýarylmaly gülküden.
Köçe tansçylaryndan
Syýasatçy köp, meger –
Olaň kellesi çüýrän,
Bireýýäm solan beýni.
Hahahaýlap märeke
Güp ynanýar ertekä.
Samsyk dyzaýar toýa,
Maska geýip ýüzüne.
Gaýgydan doly öýde
Ýekelige dözmeli.
Ýa-da ýamanlyk bilen
Gidişmeli başa-baş.
Ýekäň çaňy çykmasa
Sessiz gözýaş dökmeli,
Gygyryp her setirde,
Gurtlaň ordasy hakda.
Nä hyzmat edýär millet
Masgarabaz melguna!
Bize näme garaşýar?!
Girdapmy ýa jähennem?
* * *
Aýdyma hiňlenýär bişow bir kişi:
«Wah, aýyn öňüni bulutlar örtdi...
Ýarygije bizi aldaýar zenan,
Süýr günortan bolsa ýaş dökýer gözden.
Özümem elmydam ýalan sözleýän:
Soýmeýen başarýan aşyk bolmagy.
Garawsyz, gypynçsyz jypdyrýar ýürek,
Bakyşlar manysyz, posalar ýalan».
Hiňlenýär ol bu biderek aýdyma,
Şeýdip öz-özüni ýigrenjek bolýar,
Şeýdip aglamajak bolýar ol, hemem
Aýallaň göwnüne degmejek bolýar
Çeh edebiýatynyň görnükli wekili Antonin Sowa 1864-1928-nji ýyllar aralgynda ýaşap geçen şahyr.
Goşgulary terjime eden: Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat.