Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“WikiLeaks” 250 müň gowrak gizlin dokumenti çap etdi


"WikiLeaks" internet saýty düýn dürli derejelerde gizlin bolan amerikan diplomatik dokumentleriniň 250 müň gowragyny çap etdi.

Saýtyň hakerleriň hüjümine sezewar edilendigini “WikiLeaksiň” wekilleri aýdýarlar. Ýöne täze materiallara esaslanýan neşir ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň we Ispaniýanyň bäş uly gazet-žurnallarynda peýda boldy.

Şol dokumentlerde, hususan-da, amerikan diplomatlarynyň BMG-niň ýolbaşçylaryna gözegçiligi ýola goýmaga synanyşygy, ençeme döwletleriň wekillerine gysyşlar, Eýrana garşy bolmagy mümkin harby operasiýanyň perspektiwalaryny maslahatlaşmak barada gürrüň gidýär.

“WikiLeaksiň” eline düşen käbir dokumentlerde birnäçe döwletiň, şol sanda Orsýetiň ýolbaşçylary barasynda ýakymsyz sözler bar.

“WikiLeaksiň” bu hereketlerini Ak Tam “jogapkärçiliksiz we howply” diýip atlandyrdy hem ýazgardy.

Waşingtonyň pikiriçe, saýtyň işgärleri diňe bir ABŞ-yň milli bähbitlerini däl, köp adamlaryň howpsuzlygyny-da wehim astynda goýýar.
XS
SM
MD
LG