Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä döwletleri klimatyň üýtgemegi barada maslahat edýärler


Şu gün Meksikada dünýäniň 200-den gowrak döwletiniň wekilleri klimatyň üýtgemeginiň öňüni almak barada gepleşik geçirýärler.

Iki hepde dowam etjek bu konferensiýa Meksikanyň Kankun şäherinde geçirilýär.

Konferensiýa gatnaşyjylar gepleşikleriň dowamynda hiç hili global ylalaşyga gol goýulmajakdygyny aýan etdiler.

Gepleşikleriň dowamynda tokaýlaryň çapylmazlygy, tehnologiýalaryň paýlanyşygy, şeýle-de ösýän döwletlere klimatyň üýtgemeginiň ýetirýän negatiw täsiriniň öňüni almak üçin maliýe fondunyň döredilmegi barada maslahat ediler.

Atmosfera goýberilýän kömürturşy gazynyň mukdaryny azaltmaga niýetlenip gol goýlan “Kýoto protokolynyň” möhleti 2012-nji ýylda tamamlanýar.
XS
SM
MD
LG