Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“WikiLeaks” araplaryň gorkusyny görkezýär


Bu gezek Eýranyň ýadro desgalaryna harby zarbanyň urulmagyny talap edýän Ysraýylyň premýer ministeri däl-de, Saud Arabystanyň patyşasy Abdulla.
Bu gezek Eýranyň ýadro desgalaryna harby zarbanyň urulmagyny talap edýän Ysraýylyň premýer ministeri däl-de, Saud Arabystanyň patyşasy Abdulla.
Orta Gündogarda ýerleşýän bir döwletiň ýolbaşçysynyň Birleşen Ştatlara: “Ýylanyň kellesini kes. Eýranyň ýadro programmasynyň köküni gyr” diýmegi Waşingtondaky syýasatçylaryň howp astyndaky wepaly ýarandan eşitmedik zady däl.

Ysraýyl Eýranyň ýadro ýaragly güýje öwrülmek ähtimallygynyň öz üstüne abanýan uly howpdugyny, muňa çydap bolmajakdygyny we bu ýagdaýyň haýal etmän öňüniň alynmalydgyny ençeme ýyldan bäri aýdyp gelýär.

Emma bu gezek Eýranyň ýadro desgalaryna harby zarbanyň urulmagyny talap edýän Ysraýylyň premýer-ministri däl-de, Saud Arabystanyň patyşasy Abdulla. Onuň garaýyşlary “WikiLeaks” tarapyndan ile ýetirilen 250 müň gizlin dokumentiň biri bolup durýar.

Rosemary Hollis Londonyň City uniwersitetiniň Orta Gündogar syýasaty boýunça professory. Onuň garaýşyça, saudlylaryň duşmançylygyna meçew berýän zat - atom ýaragly Eýranyň Yrakda agalyk ediji güýje öwrülip, öz täsirini regionyň beýleki ýerlerine hem ýaýratmagyndan edilýän gorky.

“Bu çekişmäniň esaslanýan möhüm dokumentleriniň biri 2008-njy ýylyň aprel aýyna degişli. Bu ýerde ýeke Eýran däl, Yraga-da salgylanylýar. Onda saudlylaryň esasy aladalarynyň biriniň Eýranyň Yragyň içindäki täsiridigi aýyl-saýyl göze ilýär” diýip, Hollis aýdýar.

Ýöne gyzykly zat saudlylaryň bu garaýyşlaryna beýleki arap ýurtlarynyň hem goşulýanlygy. Üsti açylan diplomatik dokumentlere görä, Eýranyň ýadro programmasynyň togtadylmagyny Iordaniýa bilen Bahreýn hem talap edýär. Ýöne Obamanyň administrasiýasy arap ýaranlary ýaly dyzap duranok.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsyzlyk Geňeşiniň hemişelik bäş agzasy – Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Britaniýa, Fransiýa, Orsýet we Hytaý – 5-nji dekabrda Eýran bilen ýadro gepleşikleriniň ýene bir tapgyryny geçirmekçi. Bu gepleşiklere Germaniýa-da goşulýar.

Hollisiň üsti açylan dokumentlere esaslanyp çaklamagyna görä, Birleşen Statlaryň prezidenti Obamanyň Tähran bilen gepleşik geçirmegi teklip etmegi, şol bir wagtyň özünde-de bir halkara frontyny döretmegi onuň syýasatynyň abraýyny galdyrýar.

“Häzir uruş howpy baradaky gürrüňler bir ýyl mundan ozalkysyndan az. Muňa sebäp bolan zatlaryň biri Obamanyň administrasiýasynyň ABŞ bilen Eýranyň arasynda göni gepleşikleriň geçirilmegini teklip edenligi. Bu ýagdaý dialoga daýanýan çemeleşme boýunça halkara derejesinde has uly agzybirlik döretdi” diýip, Hollis belleýär.

“WikiLeaks” tarapyndan çap edilen dokumentler Obamanyň Eýran baradaky syýasaty üçin bähbitli diýilýän pikiri Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad has hem güýçlendirýär. Ol: “Bular syýasy gazanç üçin amerikan hökümeti tarapyndan goýberilen informasiýa. Eýran araplar bilen hemişe dostdy” diýdi.

“Bu maglumatlar syzyp çykanok. Bular kadaly we planlaşdyrylan ýol bilen syýasy maksatlar üçin goýberildi. Biziň nukdaýnazarymyzdan garanyňda, bularyň hiç hili möhüm ähmiýeti ýok” diýip, Eýranyň prezidenti Ahmedinejad aýtdy.

Hollis: “Bu reaksiýa Eýranyň Birleşen Ştatlara ynanmaýandygyny, oňa Yslam respublikasyna zeper ýetirmäge ýykgyn edýän ýurt hökmünde garaýandygyny gökezýän bolup biler” diýýär. “Ýa bolmasa, bu çykyş Eýran ýadro ýaragyny edinen ýagdaýynda, oňa Saud Arabystanyň garşylyk görkezmek howpuna bildirilen reaksiýa bolup biler”.

Londonyň City uniwersitetiniň Orta Gündogar syýasaty boýunça professory Rosemary Hollisiň pikiriçe, nähili bolanda-da, “WikiLeaks” saýtynyň çap eden maglumatlary Birleşen Ştatlaryň Eýran babatda alyp barýan syýasatyny suratlandyrmaýar.
XS
SM
MD
LG