Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda MTS telefon ulgamynda bökdençlik ýüze çykdy


Gelip gowşan maglumatlara görä, şu gün Aşgabatda we onuň töwereklerinde MTS öýjükli telefon ulgamynyň işinde bökdençlik ýüze çykypdyr we telefon aragatnaşyklarynyň kesilmegine getiripdir.

Ýerli çeşme häzirki wagt bu kompaniýada telefonlara tölegleriň kabul edilmeýändigini, täze nomerleriň satylmaýandygyny, şeýle-de MTS-iň üsti bilen internete çykyp bolmaýandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary hem MTS-iň edarasyna jaň edenlerinde, şu gün giçlik telefonlaryň işläp başlajakdygy aýdylypdyr.
XS
SM
MD
LG