Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton Gyrgyzystanyň ädimlerini öwdi


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton we Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa Bişkegiň etegindäki "Ala-arça" rezidensiýasynda duşuşýar, 2-nji dekabr.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton we Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa Bişkegiň etegindäki "Ala-arça" rezidensiýasynda duşuşýar, 2-nji dekabr.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton 2-nji dekabrda Gyrgyzystana sapar edip, bu ýurduň adyna öwgüli sözler bilen çykyş etdi. Ol Gyrgyzystanyň Merkezi Aziýada parlament demokratiýasynyň bolup biljekdigini subut edenligini belledi.

Birleşen Ştatlaryň baş diplomaty Hillari Klinton bu sözlerini Gyrgyzystana eden gysga wagtlyk saparynyň dowamynda prezident Roza Otunbaýewa bilen Bişkekde geçiren bilelikdäki metbugat konferensiýasynda aýtdy.

“Parlament demokratiýasynyň, hakyky parlament demokratiýasynyň Merkezi Aziýada ýa dünýäniň beýleki ýerlerinde işläp bilmejekdigini aýdýanlar köp. Emma biz pu pikiri ret edýäris, munuň beýle däldigini Gyzgyzstan subut etdi diýip, hasap edýäris” diýip, Klinton aýtdy.

Wideo: Gyrgyzystana eden saparynyň dowamynda ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Hillary Klinton bu ýurduň demokratik gurluşlaryny mübärekläp, bu ugurda ABŞ-nyň Bişkege goldaw berjekdigini aýtdy. (Gyrgyzystanyň Döwlet teleradiokompaniýasy)

x
Klinton Gyrgyzystanyň ädimlerini öwdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:52 0:00
Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton demokratiýanyň, adam hukuklarynyň we açyk graždan jemgyýetçiliginiň ýurtlaryň durnukly we şowly ösüşine ýardam berýänligini nygtady.

Klintonyň Gyrgyzystana sapary ýurduň üç syýasy partiýasynyň - Sosial-demokratlaryň, “Respublika” we “Ata-meken” partiýalarynyň koalision hökümet düzmek boýunça ylalaşan pursatlaryna gabat geldi. Gyrgyzystanda ýakynda geçirilen ses berişlikleriň netijesinde belli bir ýeňiji öňe saýlanmandy.

10-njy oktýabrda geçirilen ses berişlik Merkezi Aziaýada ilkinji parlament demokratiýasyny döretmek we ýurtdaky häkimiýeti prezidentden hökümet baştutanyna tabşyrmak maksadyna gönükdirilipdi.

Agyr günlerden soň

Bu saýlawlar şu ýylyň aprel aýynda ýurduň öňki prezidenti Kurmanbek Bakiýewiň häkimiýet başyndan çetleşdirilmeginden we onlarça adamyň heläk bolmagyna sebäp bolan gandöküşikli çaknyşyklardan soň geçirilipdi.

Şu ýylyň iýun aýynda Gyrgyzystanyň günortasynda etniki gyrgyzlar bilen özbekleriň arasynda bolan çaknyşyklarda azyndan 400 adam heläk bolupdy. Klinton şol zorluklara sebäp bolan adamlaryň Gyrgyzystanyň kanunlary esasynda doly jogap berjekdigine ynam bildirdi.

Gyrgyzstan özüniň demokratiýa tarap ädýän ädimlerine garamazdan köp kynçylyklar, şol sanda howpsuzlyk boýunça problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. 30-njy noýabrda Bişkekde bolan bomba partlamasynda azyndan üç adam heläk boldy. Häkimiýetler bu heläkçilikde daşary ýurtduň terroristik lagerlerinde türgenleşdirilen gozgalaňçylary aýypladylar.

“Manas” howa bazasy

2-nji dekabrda Bişkekde geçirilen metbugat konferensiýasynda Birleşen Ştatlaryň Döwlet Sekretary Hillari Klinton Gyrgyzystana öz giňişliginde ABŞ-nyň transit merkezini saklamagy dowam etdirenligi üçin hem minnetdarlyk bildirdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2001-nji ýyldan bäri Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkegiň “Manas” howa meýdanyndan peýdalanyp gelýär we ony Owganystana harbylary we ýükleri geçirmek üçin ulanýar.

Klinton bilen bilelikde geçirilen metbugat konferensiýasynda Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewanyň aýtmagyna görä, “Manas” howa bazasynyň geljegi täze hökümetiň kararyna garaşly bolar. Otunbaýewa bu bazanyň terrorçylyga garaşy göreşdäki roluny we ähmiýetini hem nygtady.

Regional sapar

Birleşen Ştatlaryň Döwlet Hillari Klinton Gyrgyzystana Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitini gurnan Gazagystanyň paýtagtyndan bardy. Soňra ol Özbegistana baryp, prezident Yslam Karimow bilen duşuşdy.

Resmileriň Klintona salgylanyp habar bermeklerine görä, ol Karimowy “adam hukuklarynyň we esasy azatlyklaryň hakyky goragyny kepillendirmek üçin anyk ädimler bilen özüniň ygrarlylygyny görkezmäge” çagyrypdyr.

Klinton özbek prezidentiniň demokratik azatlyklary ösdürmek boýunça ýaňy ýakynda beren wadasyny nazarda tutup, “sözden işe geçmegiň” wagtynyň gelendigini belläpdir.

3-nji dekabrda Klinton Pars aýlagyndaky Bahreýne baryp, regional howpsuzlyk boýunça Sammitde çykyş eder. 4-nji dekabrda Eýranyň daşary işler ministri Manuçehr Mottakiniň hem şol Sammitde çykyş etmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG