Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda TOPH proýekti boýunça maslahata başlandy


Düýn Aşgabatda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz proýekti boýunça tehniki işçi toparynyň 9-njy maslahaty öz işine başlady.

Oňa dört ýurduň spesialistleri we Aziýa Ösüş bankynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Maslahatyň birinji gününde gazyň aluw-satuwy baradaky ylalaşygy taýýarlamaga degişli meseleler maslahatlaşyldy. Üç gün dowam etjek bu duşuşykda transowgan turbasyny gurmak barada hökümetara ylalaşygynyň gutarnykly nusgasyna we beýleki meselelere serediler.

Türkmenistanyň resmi habar agentliginiň maglumatyna görä, bu baradaky dokumentlere 10-njy dekabrda Aşgabatda bu proýektiň ýolbaşçy komitetiniň 12-nji maslahatynda serediler.

Ondan soň dokumentleriň doly toplumy Türkmenistanyň, Owganystanyň, Päkistanyň we Hindistanyň ýokary derejeli delegasiýalaryna gol çekmek üçin hödürlener.
XS
SM
MD
LG