Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýagdaý ynam döredenok


Polisiýa Bişkegiň sport merkeziniň ýanynda bolan partlamany öwrenýär. 30-njy noýabr, 2010.
Polisiýa Bişkegiň sport merkeziniň ýanynda bolan partlamany öwrenýär. 30-njy noýabr, 2010.

Gyrgyzystanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň öňki sekretary Miroslaw Niýazow “Gyrgyzystandaky ýagdaýlar haýal hem bolsa, ýuwaş-ýuwaşdan durnuksyzlyga tarap süýşýär” diýýär.


Ýakynda Bişkekda bolup geçen wakalar onuň sözlerini tassyklaýar. Geçen hepdäniň başlarynda Gyrgyzystanyň günorta sebitinde ýaragly söweşijiler toparynyň üsti açylypdy. Berilýän maglumatlara görä, söweşijiler Oş şäherinde ýaşaýan parahat ilata garşy terroristik hüjümleri geçirip, soňra-da öz hereketlerini Oş oblastynda dowam etdirmegi planlaşdyrypdyrlar.

Howpsuzlyk Geňeşiniň häzirki başlygy Marat Imankulowyň aýtmagyna görä, bu milletçi-seperatistik toparyň düzümine dürli milletleriň wekilleri, şol sanda, gyrgyz, özbek we hatda rus milletiniň wekilleri-de giripdir.

“Olar Gyrgyzystanyň diňe günortasynda terrorçylyk hereketlerini amala aşyrman, eýsem ýurduň paýtagtynda-da bu işleri etmegi planlaşdyrypdyrlar” diýip, Marat Imankulow sözüne goşdy.

Howsala üçin alamatlar

Mundan başga-da, ýurduň günortasynda howpsuzlyk güýçleri 15 kilogram partlaýyjy serişdäni ele salypdyrlar. Ekspertler bu mukdardaky partlaýyjy serişdäniň dartgynly ýagdaýdaky şäheriň durnuklylygyny bozup, ilat arasynda dowul döremek üçin ýeterlikdigini aýdýarlar.

Bu wakalardan birnäçe gün soňra Bişkegiň sport merkezinde partlama boldy. Bu sport merkezinde soňky hepdeleriň dowamynda şu ýylyň 7-nji aprelinde protestçilere garşy ot açmakda aýyplanýan şahslara garşy sud diňlenişigi geçirilýärdi.

“Oşda we Bişkekda bolan soňky wakalar bu ýurtdaky ýagdaýlary durnuksyzlaşdyrmak we häkimýetleriň kadaly durmuş şertlerini döretmek ugrundaky tagallalaryny bozmak ugrundaky synanşyklaryň bir zynjyrydyr” diýip, Gyrgyzystanyň prezident administrasiýasynyň başlygy Emil Kaptagaýew milli telewideniýeda eden çykyşynda belledi. “Bu hereketleriň arkasynda 7-nji aprelde öz häkimiýetini ýitirenler duran ýaly” diýip, Kaptagaýew sözüne goşdy.

Synçylar Bişkekdäki bu partlamalary suduň işine täsir ýetirmek maksady bilen amala aşyrylan çäre diýip hasaplaýarlar. Emma polisiýa edarasynyň derňewçisi Tynçtyk Karymşakow bu partlamanyň nyşanasynyň 7-nji aprelde ot açmakda aýyplanýanlar bolmagynyň hem mümkindigini aýdýar.

Şol partlama binanyň arka girelgesinde amala aşyrylypdy. Bu girelgeden sudda işine seredilýänler girip-çykýarlar. “Eger-de bu partlamany gurnaýjylar halk arasynda howsala döretjek bolsalar, onda partlaýyjy enjam esasy girelgede goýulsa maksada laýyk bolardy. Ol ýerden her gün müňlerçe adam geçýär” diýip, Tynçtyk Karymşakow öz garaýşyny öňe sürýär.

Näbelli sebäplere görä, partlama sud diňlenişiginiň edil öňýany däl-de, bir sagat öňünden amala aşyryldy. “Belki, sişenbe güni geçiriljek diňlenişigiiň bir sagat yza süýşürilmegi sebäpli uly heläkçilikleriň öňüniň alnan bolmagy-da mümkin. Şeýle-de, diňlenişigiň yza süýşürilmeginden partlamany gurnaýjylaryň bihabar galan bolmagy-da mümkin” diýip, bu sud prosesine yzygiderli gatnaşyp gelýän yerli ýaşaýjy Akmat Balbaýew belledi.

Resmileriň garaýşy birneme başga

Muňa garamazdan, resmiler bu partlamanyň ilat arasynda howsala döretmäge gönükderlendigini nygtaýarlar. Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Kolbai Musaýewiň aýtmagyna görä, bu partlama öý şertlerinde ýasalam bomba arkaly amala aşyrylypdyr. Onuň bellemegine görä, diňe proffesional terrorçylar şeýle bombany ýasap biler.

Deslapky derňewleriň netijelerine laýyklykda, bu partlamanyň maksady adam pidalaryny döretmek däl-de, eýsem adamlaryň sussuny basmakdyr diýip, Musaýew belleýär.

Sud jogapkärçilgine çekilen öňki ýokary wezipeli işgärleriň üçüsiniň ýakynda öý tussaglygyndan gaçyp gitmekleri ýagdaýlary has-da çylşyrymlaşdyrýar.

Kurmanbek Bakyýewiň häkimýetiniň öňki sekratarlygynyň başlygy Oksana Malewanaýa, özalky prezident administrasiýasynyň başlygy Kanybek Joroýew we ýurduň öňki baş prokurory Nurlan Tursunkulow dagylar suduň sessiýasynyň ikinji güni suda gelmän, näbelli tarapa gaçyp gidipdirler.

“Suduň dawaly geçen birinji diňlenişiginde olar özleriniň günäsiz diýlip yglan edilen halatynda-da, heläk bolan adamlaryň ýakynlary tarapyndan jezasyz galdyrylmajakdyklaryna göz ýetiren bolmaly” diýip, pensiýadaky bir polkownik öz garaýşyny mälim etdi.

Şol üç adamyň gaçmagy bilen baglylykda häzir derňew işleri geçirilýär.

Şol üç gaçgagy hem goşanyňda, häzir aprel waklary bilen baglylykda dokuz adam sud jogapkärçiligine çekilen bolup çykýar.

Gyrgyzystanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň öňki sekretary Miroslaw Niýazow “Hukuk goraýjy organlaryň döwlet häkimýetine ynam eden halatynda durnukly hökümetiň bolmagy mümkin. Ýöne, döwlet häkimýeti parahat ýaşaýjylaryň ölümine sebäp bolan adamlary sud jogapkärçiligine çekmelidir we jezalandyrmalydyr” diýýär.

Kuban Abdymen düýbi Bişkekde ýerleşýän «Zpress» täzelikler saýtynyň redaktory. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG