Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ bilen Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýa barada gepleşýär


Düýn Seulda Birleşen Ştatlaryň we Günorta Koreýanyň ýokary derejeli harby wekilleri gepleşiklere başladylar. Bu gepleşikler Demirgazyk Koreýanyň Günorta Koreýa tarap ot açmagy sebäpli sebitde dörän dartgynly ýagdaýlaryň fonunda geçirilýär.

Birleşen Ştatlaryň Baş ştabynyň komanduýuşisi admiral Maýke Mullen we Günorta Koreýanyň goşun generaly Han Min-Koo Demirgazyk Koreýanyň geljekki agressiw hereketleriniň öňüni almak üçin nähili ädimleri ätmelidigi barada masalahat ederler.

Düýn Hagadaky Halkara sudunyň prokurorynyň aýtmagyna görä, Demirgazyk Koreýanyň Günorta Koreýa garşy ot açmagy bilen bagly wakalar boýunça Phenýana garşy deslapky derňew işleri başlapdyr.
XS
SM
MD
LG