Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstraliýanyň daşary işleri ministri ABŞ-ny günäkärlemeli diýýär


Awstraliýanyň daşary işleri ministri Kewin Raddyň aýtmagyna görä, gizlin diplomatik maglumatlaryň syzyp çykmagy üçin “WikiLeaks”-i esaslandyryjy Julian Assanjy däl-de Birleşen Ştatlary günäkärlemeli.

"Birleşen Ştatlaryň 250,000 diplomatik telegrammalarynyň bikanun ýaýradylmagyna jenap Assanjyň jogapkärçiligi ýokdur. Amerikalylaryň özleri muňa jogäpkärdir” diýip, Kewin Radd düýn çykyş etdi

Julian Assanj öňňin Londonda tussag edilipdi. Onuň tussaglygy Şwesiýanyň häkimiýetleriniň resmi görkezmesi bilen amala aşyryldy. Assanjyň tussag edilmegine onuň Şwesiýada jynsy taýdan kanun bozmalara dahyllylykda şübhelenmegi sebäp boldy.

Emma Julian Assanj özüne bildirilýän aýyplary ret edýär. Onuň aklawçysynyň aýtmagyna görä, bu wakalaryň “syýasy” matlaby bar.

Awstraliýanyň daşary işler ministri Assanjy bigünä diýip ykrar etmäge çagyrdy. Şeýle-de ol Awstraliýanyň islendik raýatyna bolşy ýaly, Assanja-da hemaýat etjekdigini sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG