Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Korrupsiýa ösýär, emma…


Mikloş Marşall: “Türkmen raýatlaryndan biz parahorlyk barada sorap bilmedik”
Mikloş Marşall: “Türkmen raýatlaryndan biz parahorlyk barada sorap bilmedik”

“Transparency International” guramasy korrupsiýa garşy Halkara göreş gününe gabatlap, korrupsiýanyň ýagdaýy barada ýörite hasabat ýaýratdy. Şu hasabat barada Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Tahyr Şirmuhammedi bu guramanyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüm müdiri Mikloş Marşall bilen ýörite söhbetdeş boldy.


Tahyr Şirmuhammedi: Jenap Marşall, 9-nji dekabr korrupsiýa garşy Halkara göreş güni. Siziň guramaňyz bu güne gabatlap korrupsiýa barada taýýarlan raportynda Türkmenistan hakynda bu gezek hiç hili maglumat bermändir. Munuň sebäbleri nämede?

Mikloş Marşall: Gynansak-da, biziň häzirki raportymyza Türkmenistan girmeýär. Biz bu gezek käbir ýurtlaryň raýatlarynyň pikirini soradyk. 86 ýurtdan 91müň adam biziň soraglarymyza jogap berdiler. Türkmen raýatlaryndan biz parahorlyk barada sorap bilmedik.

Biziň 6 soragymyza käbir önki SSSR respublikalarynyň raýatlary jogap berdiler. Bu raýatlaryň 60 prosenti parahorlugyň ýagdaýy erbetleşdi diýip jogap berdiler.
Gowy habar hökminde bir zady hem bellemegimiz gerek. Biziň sorglarymyza gatnaşanlaryň 70 prosenti korrupsiýa garşy alada etjekdiklerini aýtdylar.

Bu bolsa, garaşsyz graždan guramalarynyň bu ýurtlarda giňden iş alyp barmagynyň hem-de häkimiýetleriň korrupsiýa garşy aladalarynyň oňyn netije berendigni anladýar.

Tahyr Şirmuhammedi: Siz mundan owal Türkmenistanyň dünýä boýunça korrupsiýalaşan ýurtlaryň sanawynda durýandygyny öz hasabatlaryňyzda belleýärdiňiz. Siziň edaraňyz korrupsiýa boýunça Türkmenistadaky häzirki ýagdaýlara nähili baha berýär?

Mikloş Marşall: Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurdy açmagy maksat edýärler. Olar daşary ýurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmek isleýärler. Biziň pikirimizçe, esasy çäre häkimiýetiň parlament tarapyndan dolandyrylmagydyr we syýasy problemalaryň halkyň aktiw gatnaşmagynda çözülmegidir.

Türkmen döwleti reformalary amala aşyrmaly. Ýurt bazar ykdysadyýetine geçmeli. Bazar ykdysadyýeti bolsa graždan jemgyýetsiz hereket edip bilmeýär. Biziň edaramyzyň tejribesi boýunça graždan guramalaryň erkin herket edýän ýurtlarynda korrupsiýa garşy göreşde üstünlikler uly. Bu ýurtlarda halkyň özi hem korrupsiýa garşy herket etmek isleýär.

Tahyr Şirmuhammedi: Jenap Marşall, siziň pikiriňizçe, Türkmenistanda iş alyp barýan günbatarly şirketler, ylaýta-da, gaz pudagynda iş alyp barýan şirketler korrupsiýa barada alada ýeterlik edýärlermi?

Mikloş Marşall: Günbatarly şirketler hem-de döwletler Türkmenistandaky korrupsiýa bilen bagly ýagdaýlar barada kän bir alada etmeýärler. Elbetde, bu utanç. Biz bu goşa standartly syýasata garşy göresýäris. Ýöne muňa garamazdan, biz optimistik garaýyşda.

Eger biz geçmişden sapak alsak, söwda gatnaşyklarynyň ösmegi ýurtlarda özgerişlikleri döredýär. Bazar ykdysadyýetiniň hem-de söwda gatnaşyklarynyň ösmegi iň soňunda, ýene 20 ýyldanam bolsa, demokratiýanyň ornaşmagyna ýardam eder.

Emma su ýerde ýene bir zady bellemeli. Türkmenistanda häkimiýet çalşanda, bizde optimistik garaýyşlar döräpdi. Ýöne birneme soňra täze häkimiýet hem biziň umytlarymyzy puja çykardy we ýagdaý öňküligine galdy.

Tahyr Şirmuhammedi: Jenap Marşall, siz bir tarapdan parahorlyk barada ýagdaý gowy däl diýýärsiňiz. Emma, beýleki tarapdan, eýsem näme uçin siz Türkmenistan barada optimistik garaýyşda?

Mikloş Marşall: Biz parahorlyk problemasynyň häzirki globallaşýan dünýäde gowulyga tarap çözüljekdigine ynanýarys. 20 ýyl mundan owal germaniýaly şirketleriň daşary ýurtlarda para-peşgeş bermegi kanuny we legal bir iş hasaplanylýardy.

Bu şirketler öz tölän pullaryny salgyt görnüsinde yzyna hem alýardylar. Indi bolsa, bu iş gadagan. Mälim bolşuna görä, ýagdaý indi düýbünden üýtgedi.

Günbatarly, şol sanda germaniýaly şirketler üçin, meselem, Türkmenistanda para-peşgeş bermek ýaly işler indi soňky 5 ýyl bilen deňeşdirilende howply hasaplanylýar. Indi bu şirketler para bermezlerinden öň iki gezek oýlanarlar.

Tahyr Şirmuhammedi: Eýsem siz şeýle diýmek bilen, günbatarly şirketleriň hem Türkmenistanda para problemasyna ulaşandyklaryny tassyklaýarsyňyzmy?

Mikloş Marşall: Günbatarly şirketler häzir hem öz işlerinde para-peşgeş bermek usulyny ulanýarlar. Emma olar özleriniň howp astyndadygyny hem-de bu işiň bikanundygyny gowy bilýärler. Ýöne men bu ýagdaýyň geljek15 ýylyň içinde üýtgejekdigine ynanýaryn.
XS
SM
MD
LG