Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa garpyşyklara şaýat boldy


Şenbe güni Moskwanyň merkezinde bolan protestde polisiýa bilen çaknyşyklarda azyndan 30 adam ýaralandy. 11-nji dekabr, 2010.
Şenbe güni Moskwanyň merkezinde bolan protestde polisiýa bilen çaknyşyklarda azyndan 30 adam ýaralandy. 11-nji dekabr, 2010.

Prezident Medwedew şu geçen dynç alyş güni Moskwanyň merkezindäki bidüzgünçiliklere gatnaşan milletçileriň we beýlekileriň garşysyna berk çäre görüljekdigini aýtdy.


11-nji dekabrda, şenbe güni Moskwanyň merkezinde bolan protestde polisiýa bilen çaknyşyklarda iň bärsinden 30 adam ýaralandy. Proteste öten hepde köçede turan bir dawada bir futbol söýüjiniň öldürilmegi sebäp boldy.

Bu proteste futbol söýüjilerden we aşa milletçilerden ybarat 5 muň töweregi adam gatnaşdy. Polisiýa bilen çaknyşyk hem şu protestiň dowamynda turdy.

5-nji dekabrda demirgazyk kawkazlylar bilen turan dawada pnewmatik sapança bilen atylyp öldürilen Ýegor Swiridow Moskwanyň “Spartak” futbol söýüjiler toparyna degişlidi. Onuň ölümi bilen baglanyşykly asly Kabardin-Balkardan bolan Aslan Çerkesow tutuldy.

Kim günäkär?

Şenbe güni Manež meýdanynda geçen köpçülikleýin ýygnanyşyk aradan salym geçmän bidüzgünçilige ýazyp, demonstrasiýaçylar jynsparazçylykly şygarlary gygyryşyp, polisiýa daş atyp ugradylar. Olar “Orsýet - orslaryňky” diýen ýaly şygarlary gygyryşdylar.

Moskwanyň “Spartak” futbol söýüjiler klubynyň başlygy Amir Huslýutdinow “Turan topalaňlara jogapkär aşa milletçiler. Orsýetde futbol söýüjileriň bular bilen hiç bir hili ilteşigi ýok” diýdi.

“Moskanyň futbol söýüjileriniň Manež meýdanynda bolan wakalara asla gatnaşmanlygyny men arkaýyn aýdyp biljek” diýip, Huslýutdinow nygtady.

Orsýetiň Futbol Bileleşiginiň başlygy Sergeý Fursenko hem ýurduň futbol guramalarynyň zorluga ýykgyn edýän milletçilerden daşdadygyny aýdýar.

“Futbol syýasatdan daşarda durýar. Muny ýene bir gezek aýdaýaryn. Hiç bir syýasy partiýa ýa bir syýasy hereket bizi öz şygarlaryny bermäge mejbur edip bilmez” diýip, Fursenko belledi.

Alada döredýän netijeler

Şenbe güni Moskwanyň merkezinde polisiýa bilen bolan çaknyşyklarda protestçilerden ençeme adam ýaralandy. Olar köçeden geçip barýan orslara çalymdaş däl adamlara hem hüjüm etdiler.

Polisiýa bu wakalar bilen bagly Moskwada jemi 65 adamyň tutulandygyny habar berdi. Häkimiýetleriň maglumatyna görä, şenbe güni Sankt-Peterburgda geçen şular ýaly protestde hem 60 töweregi adam tutulypdyr.

Şenbe güni Moskwada dartgynlylyk ýokarlanyp ýörkä, bir gyrgyz raýatynyň pyçaklanyp öldürilendigi hem habar berildi.

“Interfaks” habar agentliginiň maglumatyna görä, 37 ýaşly Alişer Şamşiýewe hujüm edip, ony öldürenler rus ýaşlary. Olaryň sany 15 töweregi.

Oppozisiýa lideri Garry Kasparowyň pikiriçe, aşa milletçileriň gazaply hereketi ýurduň häkimiýetlerine bir duýduryş bolmaly.

“Rus häkimiýetleri parahatçylykly, zorluga daýanmaýan protestçilere garşy tükeniksiz göreşiň gowulyk bilen soňlanmajagyna düşünýärler. Hakyky bulagayçylyk, köpçülikleýin hüjümler tursa näme zatlaryň boljakdygyny biz şenbe güni gördük. Men rus häkimiýetleriniň bu zatlara düşüner ýaly derejede heniz akyl-paýhasa eýediklerine ynanasym gelýär” diýip, Kasparow nygtady.
XS
SM
MD
LG