Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň tanymal diplomaty Riçard Holbruk aradan çykdy


Öten agşam Birleşen Ştatlaryň Owganystan we Päkistan boýunça ýörite wekili, belli amerikan diplomaty Riçard Holbruk 69 ýaşynyň içinde ýürek keselinden aradan çykdy.

Geçen anna güni ýürek gan aýlanyşygynda ýüze çykan kemçilik sebäpli onuň saglyk ýagdaýy ur-tut ýaramazlaşypdy.

Riçard Holbruk öz döwründe, 1995-nji ýylda Bosnýa meselesi boýunça geçirilen «Daýton» parahatçylyk gepleşiklerine hem araçyllyk edipdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton onuň ölümi bilen bagly eden beýanatynda Riçard Holbrugyň ýarym asyra golaý wagt bäri diplomatik işde işländigini bellemek bilen, «Amerika özüniň iň bir gaýduwsyz syýasatçylaryndan we jemgyýetiň hyzmatlaryna özüni iň bir ýokary derejede bagyşlan diplomatlaryndan birini ýitirdi» diýdi.

Öz döwründe «Time» žurnaly tarapyndan «Amerikanyň iň tutanýerli taktikaçy diplomaty» diýlip atlandyrylan Riçard Holbruk öz syýasy-jemgyýetçilik işi üçin ýedi gezek Nobel baýragyna kandidat hökmünde hödürlenilipdi.
XS
SM
MD
LG