Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň “Owgan strategiýasy” yglan ediler


ABŞ-nyň goranmak ministri Robert Geýts Owganystanda amerikan esgerini sylaglaýar. Kunar, 7-nji dekabr, 2010.
ABŞ-nyň goranmak ministri Robert Geýts Owganystanda amerikan esgerini sylaglaýar. Kunar, 7-nji dekabr, 2010.

16-njy dekabrda Obamanyň administrasiýasynyň Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça strategiýasy barada ýörite beýanat etmegine garaşylýar. Eýsem, ondan nähili täzeliklere garaşyp bolar?


ABŞ-nyň Owganystan boýunça strategiýasy barada jemgyýetçilige ýetiriljek maglumatynda käbir öňegidişlikleriň bolandygy, ýöne ýene-de köp kynçylyklaryň bardygy barada gürrüň ediler diýlip garaşylýar.

Prezident Barak Obama öten ýyl Owganystana goşmaça 30 müň esger iberýändigini aýdanda, strategiýanyň täzeden gözden geçiriljekdigini bildiripdi. Munuň maksady howpsuzlyk jogapkärçiligini owganystanlylaryň özlerine tabşyryp, amerikan esgerleriniň 2011-nji ýylyň tomsunda yzlaryna dolanmagyna şert döretmek.

Ýöne 2010-njy ýyl soňky dokuz ýyl bäri barýan uruşda iň ganly ýyl boldy. Talyban bilen söweşlerde NATO güýçlerinden 700 töweregi esger öldi. Bularyň hem iň bärsinden 475-si amerikanlylar.

Gazanylan üstünlikler nämede?

Ýöne gazanylan üstünlikler-de ýok däl. Mysal üçin, şu ýyl Pakistanyň serhediniň golaýynda ýerleşýän Kunar welaýatyndan gozgalaňçylardan öldüirilenleriň ýa ele salnanlaryň sany 850 töweregi.

Muňa garamzdan, Owganystanyň uly bölegi häzirem Talybanyň kontrollygynda. Ýurtda korrupsiýa giňden ýaýran. Owgan howpsuzlyk güýçlerini türgenleşdirmek hem garaşylandan kyn bolup çykdy. Şol sebäpden yglan ediljek strategiýada möhüm bir özgeriş bolar diýlip, pikir edilenok.

2003-nji ýyldan 2005-nji ýyla çenli Owganystanda birleşen güýçlere serkerdelik eden general-leýtenant Deýw Barno ýagdaýy şeýle düşündirýär: “Munuň esasy sebäbi amerikan esgerleriniň Owganystanyň hemme regionlaryna doly baryp bilmeýänliginde. Ýagdaý iň bärsinden üstümizdäki ýylyň sentýabr aýyna çenli şeýledi. Şol sebäpden indi birnäçe wagt bäri, hemmeleriň ykarar edişi ýaly, geljek ýyla çenli bu güýçleriň täsiri doly duýulmaz”.

Arzuwlar we reallyk


Öten hepde Owganystana sapar eden Birleşen Ştatlaryň goranmak ministri Robert Geýts 8-nji dekabrda prezident Hamid Karzaý bilen geçirilen metbugat konferensiýasynda häzirki bar bolan strategiýanyň hem öňat netijeleri berýänligini aýtdy

Ol, hususan-da, seyle diýdi: “Gazanylan öňegidişlik şu geçen sanlyja aýyň içinde-de meniň garaşanymdan ýokary bolup çykdy. Talyban indi öten ýylkydan has az territoriýalara kontrollyk edýär. Zulum-sütemsiz ýaşaýan owganystanlylaryň sany barha artýar. Olar indi özleriniň we maşgalalarynyň ýaşaýyş ýagdaýyny gowulandyrmak üçin zähmet çekýärler”.

Karnegi merkezinde halkara parahatçylygy boýunça iş alyp barýan ekspert, Owganystandaky howpsuzlyk we syýasy ösüşleri öwrenýän Gilles Dorronsoro Birleşen Ştatlaryň strategiýasyna tankydy garaýanlaryň biri. Onuň garaýşyça, Birleşen Ştatlar esgerlerini Owganystandan planlaşdyrylyşy ýaly çykaryp bilmez.

“Amerikan hökümeti kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolar. Sebäbi Talyban güýçli. Ýewropalylar hem öz esgerlerini çekýärler. Onsoň diňe Talybanyň öňüni almak üçin amerikan harbylary 2011-nji we 2012-nji ýylda köpräk esger sorar. Şeýlelikde, biz ýaragly güýçleri çykararlyk ýagdaýda däl. Bu urşuň ýene-de güýjemegi bolar” diýip, Dorronsoro belledi.

Strategiýa baradaky täze maglumatda owgan gozgalaňlarynda Pakistanyň roly barada hem durlup geçiler diýlip garaşylýar. Talybanyň Owganystan bilen Pakistanyň arasynda hereket etmegi koalision güýçleriň işini kynlaşdyrýar. Barnonyň pikiriçe, bu gaty möhüm mesele.
XS
SM
MD
LG