Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

GULAG kinoteatrlarda


“GULAG: A History” (“GULAG: Bir taryh”) atly kitabyň awtory, žurnalist Anne Applbaum bilen Azatlyk Radiosy GULAG temasyndan döredilen “The Way Back” (“Yza tarap ýol”) atly täze kinofilm barada söhbetdeşlik geçirdi. Ol bu filmiň düşürilmegine geňeşçi hökmünde gatnaşdy.




Azatlyk Radiosy: "Google"-dan Holokost baradaky filmleri agtaranyňda, şol temadan “Şindleriň sanawy” ýaly köp filmleriň ady çykýar. GULAG (Главное управление исправительно-трудовых лагерей и колоний) barada welin görünýän zat köp däl. Siziň pikiriňizçe, bu deňagramsyzylyga näme sebäp bolýar?


“GULAG: A History” (“GULAG: Bir taryh”) atly kitabyň awtory, žurnalist Anne Applbaum
Anne Applbaum:
Meniň pikirimçe, bu aratapawut bu iki hadysa baradaky medeni düşünjeden gözbaş alýar. GULAG barada ýaňy-ýaňylar-da hiç bir arhiw ýokdy, maglumat gaty azdy. Sowet arhiwlerini döküşdirip, taryhçylar bolan wakalary gowy suratlandyrmaga diňe soňky ýyllarda başladylar. Galyberse-de, Günbatarda bu barada kän bir düşünje ýok.

Adamlar çepçileriň GULAG barada gürrüň açylmagyny islemänligini aýdýarlar. Ýöne meniň pikirimçe ýagdaý mundan has çylşyrymly. Biziň uruşda Sowet Soýuzy bilen ýaranlykda ýeňiş gazanandygymyz Birleşen Ştatlarda, Britaniýada we Fransiýada fakt hasap edilýär. Bizde uruşda Sowet Soýuzynyň ýaranlygy netijesinde ýeňiş gazandyk diýen duýgular bar. Stalin biziň ýaranymyzdy. Bize Staline milletleri gyran diktator hökmünde garamak häzirem kyn düşýär. Şol sebäpden, GULAG hakda filmleriň görkezilmegine güýçli höwes bolmady.

Azatlyk Radiosy: Siz bu “The Way Back” (“Yza tarap ýol”) kinosyna maslahatçy bolup gatnaşdyňyz. Öz işiňiz barada az-kem aýdyp beräýseňiz.

Anne Applbaum: Men öz işimi ulaltmak islemeýärin. Peter Weir ssenarini ýazmazyndan öň hem onuň bilen käbir gatnaşyklarymyz ýok däldi. Men oňa öz kitabymyň bir nusgasyny iberdim. Ol meniň GULAG-dan ölmän çykan Moskwadaky tanyşlarymyň käbirini görmek üçin Orsýete gitdi.

Ol lagerlerde bolup, ol ýerlerde bolup geçen hakyky wakalary beýan etmek isleýärdi. Kinoda görkezilýän wakalaryň köpüsi hakyky bolan zatlar ýa-da Warlam Şalamow ýa beýleki GULAG ýazyjylaryndan alnan zatlar. Bu hakyky durmuş barada döredilen gaty gowy film.

Azatlyk Radiosy: GULAG-yň dogruçyllyk bilen suratlandyrylmagy bilen bir wagtda onuň üsti bilen halka ýetiriljek bolunýan maglumat hem möhüm bolup durýar. Siz tomaşaçylar bu filmden näme sapak alarlar diýip umyt edýärsiňiz?

Anne Applbaum: Bu bir gaty gyzykly film. Adamlar ondan lezzet alar diýip umyt edýärin. Olar Ýewropanyň gündogar böleginde 1940-njy we 1950-nji ýyllarda näme zatlaryň bolandygy hakynda belli bir düşünjelere eýe bolarlar diýip pikir edýärin.

Mundan daşary, olar bir lagerde gabalyp galmagyň, ençeme aýlap ýöräp ýol sökmegiň nämedigine düşünerler. Şeýle hem, olaryň syýasy düşünjesi-de artar diýip oýlanýaryn.

Azatlyk Radiosy: Belki bu filmde Gündogardaky täze nesle hem ýetiriljek bolunýan zatlar bardyr?

Anne Applbaum: Bu Gündogardaky nesil üçin hem 50 ýyl ýa 60 ýyl mundan ozal dünýäniň bu böleginde, olaryň öz regionynda, durmuşyň nähili bolandygyny bilmäge bir mümkinçilik.

Orsýetde häzir ýagdaýlar näme üçin şeýle? Öňki sowet respublikalarynda durmuşyň häzirkisi ýaly gurnalmagyna näme zatlar sebäp bolupdyr? Gürrüňini edýän filmimiz bu barada berilýän düşündirişiň bir bölegidir.

Biz häzirki ýagdaýa nädip gelendigimizi bilmesek, oňa düşünip bilmeris. Taryh Berlin diwary ýykylp, kommunizmiň çökmegi bilen, ýagny, 20 ýyl mundan ozal başlanok. Ol ondan has ir başlandy. Bu film Gündogar we Merkezi Ýewropada bu zatlaryň haýsy ýollar bilen häzirki ýagdaýyna gelendigine düşünmäge mümkinçilik berýär.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG