Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Koreýanyň prezidenti Demirgazyk Koreýa haýbat atdy


Düýn Günorta Koreýanyň prezidenti Demirgazyk Koreýanyň indiki prowokatiw hereketlerine degişli garşylygyň görkeziljekdigine söz berdi.

Şeýle-de prezident Lee Myung-bak demirgazyk kommunist döwleti bilen bolup biljek söweşden asla çekinmeýändigini hem mälim etdi.

Prezident Lee Myung-bak düýn ýurduň radiosynda çykyş edip, Demirgazyk Koreýanyň islendik hüjümlerine Günorta Koreýanyň harbylary “berk gaýtawul berer” diýdi.

Geçen aý Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýanyň adalaryna ot açmagy sebäpli sebitdäki ýagdaýlar dartgynly bolmagyna galýar.
XS
SM
MD
LG