Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet näderejede bazara bagly?


Özbek prezidenti Y.Karimow Samarkandyň Siýob söwda bazarynda. 22-nji ýanwar, 2009.
Özbek prezidenti Y.Karimow Samarkandyň Siýob söwda bazarynda. 22-nji ýanwar, 2009.

Bazarlar Merkezi Aziýada gadymdan bäri durmuşa we hatda döwlet syýasatyna täsir edip gelen özboluşly gural. Indi ýagdaý nähili? Şu meseleler barada Azatlyk Radiosy tanymal ykdysadyýetçi, “Döwlet we bazar gurmaklyk: Merkezi Aziýada işewürligiň ösüşi” atly kitabyň awtory Gül Berna Özjan bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Belli ykdysadyýetçi, “Döwlet we bazar gurmaklyk: Merkezi Aziýada işewürligiň ösüşi” atly kitabyň awtory Gül Berna Özjan.

Azatlyk Radiosy: Siz özüňiziň golaýda çapdan çykan “Döwlet we bazar gurmaklyk: Merkezi Aziýada işewürligiň ösüşi” atly kitabyňyzda Merkezi Aziýanyň bazarlaryny möhüm ykdysady we syýasy rola eýe, döwrebap gurluşlaryň biri diýip häsiýetlendirýärsiňiz. Siz “döwrebap” diýmek bilen nämäni göz öňünde tutýarsyňyz?


Gül Berna Özjan: Men bu kitapda Merkezi Aziýada kapitalizmiň täze düzümlerini gözden geçirdim. Bularyň biri ol ýerdäki bazarlardyr. Bazarlary gaty gyzykly edýän olaryň Sowet Soýuzynyň ykdysady gurluşlaryna esaslanmaýanlygy. Olar täze, käbiri bolsa ownuk kolhoz bazarlaryndan dörän.

Bazarlardan gürrüň edilende, käbir alymlar olary ykdysady gurluşlaryň Gündogarda gadymdan däp bolup gelýän, käýarym hem yzagalak formalary bilen baglanyşdyrmaga ýykgyn edýärler. Men öz analizimde Özbegistanda “Siýob”, Almatyda “Baraholka” we Bişkekde “Dordoi” bazarlaryny gözden geçirdim. Bular kapitalizm esasynda iş alyp baryp, bazar mümkinçiliklerini yzarlaýarlar.

Adamlar bu bazarlarda maglumat toplap, oýlanyşykly kararlara gelýärler. Olar dürli harytlaryň söwdasyny edýärlar. Bularyň köpüsi regionyň dürli kärhanalarynda ýa beýleki senagat guramalarynda öndürilen zatlar. Şu we käbir beýleki zatlary göz öňünde tutup, men, beýleki alymlaryň tersine, bular kapitalizmiň täze formalarynda iş alyp barýan döwrebap gurluşlar diýip, netije çykardym.

Azatlyk Radiosy: Merkezi Aziýadaky oppozisiýa wekilleriniň köpüsi we adam hukuklary boýunça aktiwistler regionda Gazagystandaky ýaly režimleri ýarym diktatura diýip häsiýetlendirýärlar. Siziň pikiriňizçe, geçen 19 ýyllykda Gazagystanda dörän ykdysady sistema original bazarmy ýa-da ýarym bazar ykdysadyýetimi?

Gül Berna Özjan: Meniň pikirimçe, Gazagystan regiondaky umumy ýagdaýlara laýyk gelmeýän terzde öňegidişlikli ýagdaýda, aýratynam, beýlekiler bilen deňäniňde bu şeýle.

Mysal üçin, Özbegistan bilen Türkmenistan köp wagtlap bazar reformalaryna, maliýe reformalaryna garşy durup geldiler. Şeýdip, olar bir ýapyk režim döretdiler. Bu režimlerde hem ykdysadyýete kontrollyk ähli artykmaçlyklardan peýdalanýan bir kiçiräk toparyň elinde.

Gyrgyzystan bilen Täjigistan bolsa öz döwletlilik prinsiplerini indi döretmäge synanyşýarlar. Ýöne Gazagystanda ýagdaý başgaça. Bir tarapdan onuň awtoritar sistemadygy şübhesiz. Ol ýerde höküm sürýän - häkimiýet başyndaky bir maşgala. Onuň ykdysadyýetiň ähli pudagynda eli bar, muňa şubhe ýok. Ýöne olar üçin bir amatly - ýurduň minerallara we nebite baýdygydyr. Olara jemgyýetiň galan bölegini we biznes toparlaryny goldamak üçin şol tebigy baýlyklardan ýeterlik girdeji gelýär.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin bazaryň “göze ilmeýän eli” Merkezi Aziýada ähli zada emr edýän “demir ýumrugyň” täsirlerini bir gyra süýşürip bilmeýär?

Gül Berna Özjan: Bazaryň “göze ilmeýän elinden” nähilidir bir gudrata garaşmaly däl. Bazar Günbatarda-da doly we üstünlikli ýol alan zat däl. Häzir Birleşen Ştatlardan gaýdan soňky maliýe kirzisi indi Ýewropa Bileleşigine ýaýrap ýör.

Irlandiýa indi ýewro zonasyny we Ýewropa Bileleşigini giňeltmek mümkinçiligine hem howp döredýär. Irlandiýa Ýewropa Bileleşiginiň ykdysadyýeti rowaç ýurtlarynyň biridi. Onda daşary ýurtlardan uly möçberlerde maýa goýulýardy. Ýöne indi oňa ykdysadyýetini halas etmek üçin millionlarça dollar pul gerek. Şu nukdaýnazardan, bazar talabalaýyk dolanyşykly döwletiň döremegine şert döreder diýip garaşmaly däl. Men bularyň arasynda gös-göni baglanyşyk bardyr öýdemok.
XS
SM
MD
LG