Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Umytlar Hytaýa baglymy?


Mark Watts: “Daşary ýurtlar çig mallary alyp bilmeseler, olar ýokary tehnologiýa önümçiligini Hytaýa geçirmeli bolarlar”.
Mark Watts: “Daşary ýurtlar çig mallary alyp bilmeseler, olar ýokary tehnologiýa önümçiligini Hytaýa geçirmeli bolarlar”.

Köp ýurtlarda gibrid maşynlar, jübi telefonlary, ýel turbinalary ýaly zatlar önümçiligiň düşewüntli geljegi hasaplanylýar. Ýöne kyn tarapy - ýerden gazylyp alynýan seýrek elementler bolmasa, bu zatlary öndürip bolmaýanlygy.


Häzir dünýäde bu elementleriň 97 prosentine kontrollyk edýän Hytaý bu ýagdaýy gaty gowy bilýär. Gadoliniý, tulliý, seriý ýaly täsin atly bu 17 element, seýrek bolsa-da, tapylmaýan zat däl. Ýöne Hytaýdan başga bulary gazyp alýan ýurtlar az. Bu hem bazaryň Pekiniň elindedigini aňladýar.

Öten ýyl Hytaýyň bu ugur boýunça eksporty takmynan 40 prosent aşaklady. Şu ýylyň oktýabr aýynyň aýaklarynda Günbatar mediasynyň “Hytaý bu materiallaryň senagatlaşan ýurtlara iberilmeginiň öňüni bökdeýär” diýen habary bu zerur minerallara Hytaýyň kontrollyk etmegi bilen bagly aladalary güýçlendirdi.

Eýýäm kynçylyklar döreýär

“The New York Times” gazeti Hytaýyň bu metallaryň Birleşen Ştatlara we Ýewropa iberilmeginiň öňüni alandygyny, bu işiň ozal Ýaponiýa barada hem edilendigini habar berdi.

Käbir ekspertleriň pikiriçe, Pekiniň bu işi näme üçin edýänligi belli. Ol bu seýrek elementleri ýurduň özünde saklap, daşary ýurt kompaniýalaryny önümçilik üçin has ýokary tehnologiýa zerur zatlary Hytaýda öndürmäge mejbur etjek bolýar.

Muny “Senagat minerallary” atly internet žurnalynyň redaktory Mark Watts şeýle düşündirýär: “Daşary ýurtlar çig mallary alyp bilmeseler, olar ýokary tehnologiýa önümçiligini Hytaýa geçirmeli bolarlar. Onsoň bu önümleri Ýaponiýa we Ýewropa satmakdan Hytaýyň ykdysadyýetine has köp girdeji geler”.

Senagatlaşan ýurtlaryň arasynda bu seýrek elementleriň zerur ýeri Germaniýa. Şol sebäpden Pekiniň bu göçümine hemmeden köp protest bildiren Berlin boldy. German kompaniýalarynyň wekilleri bu materiallaryň özlerine üznüksiz gelip durmagy barada isleg bildirenlerinde, olar Hytaýyň resmileriniň bu kompaniýalaryň Hytaýda goýýan maýalaryny artdyrmaklaryny gazanjak bolup, özlerine gysyş görkezendiklerini aýdýarlar.

Öňde nähili perspektiwalar bar?

Pekin bu elementleriň häzirki derejesinde öndürilmegi dowam etse, öz rezerwleriniň ýene 15 ýa 20 ýyldan tükenjekdigini aýdýar.

“Senagat minerallary” atly internet žurnalynyň redaktory Mark Watts: “Häzirki alada döredýän ýagdaý eksport kwotasynyň aşaklama ähtimallygy bilen baglanyşykly” diýýär.

“Hytaýyň eksporty geljek ýyl şu ýylky bilen deň bolsa, onda ol daşardan gelýän talaplary kanagatlandyryp bilmez. Onsoň, bu seýrek elementleriň 97 prosentiniň Hytaýdan gelýänligini nazara alanyňda, munuň üpjünçilik ýetmezçiligine getirjekdigi görnüp dur” diýip, Watts nygtaýar.

Ýapon hökümeti hem bu minerallar Hytaýdan gelmese, onda ýurduň zapasynyň aňyrsy geljek mart ýa aprel aýyna çenli ýetjekdigini aýdýar.

Indi dünýäniň möhüm ykdysadyýetleri bu kynçylyklardan gaçyp, bu materiallary Hytaýdan başga ýerlerden almagyň ýollaryny agtarýarlar. Germaniýanyň kansleri Angela Merkel golaýda eden çykyşynda: “Hytaýyň çig mallara edýän kontrollygyny giňeltmeginiň öňüni almak üçin Ýewropanyň Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada maýa goýumlaryny artdyrmagy zerur” diýdi.

Elbetde, özlerine gerek materiallary kompaniýalaryň özleri tapmaly. Döwlet muňa jogapkär däl. Ýöne german hökümeti bu meselelerde daşary syýasy çäreler, şol sanda belli ýurtlar bilen partnýorlyk hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek arkaly ýurduň kompaniýalaryny goldajakdygny aýdýar.
XS
SM
MD
LG