Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çiliniň merkezi regionynda 7.1 bal ýer yranmasy boldy


Düýn Çiliniň merkezi regionynda Rihter ölçeginde güýji 7.1 bal bolan ýer yranmasy ýüze çykdy. Edil häzirki wagt bu wakada nähilidir bir adam ýitgileriniň bolandygy barada maglumat alynmady.

Ýöne kenarýaka ýerlerdäki ýaşaýjylaryň bu ýer yranmadan soň sunaminiň ýüze çykmak howpundan ätiýaç edip, öz ýaşaýan ýerlerini terk rdendikleri habar berilýär.

Geçen ýylyň fewral aýynda Çiliniň şol regionynda ýüz beren güýçli ýer yranmanyň yzy bilen suw joşgunynyň ýüze çykmagy netijesinde 500-den gowrak adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG