Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine täze agzalar saýlandy


Şu ýanwar aýynyň başyndan Germaniýa, Kolumbiýa, Portugaliýa, Günorta Afrika we Hindistan iki ýyllyk möhlet bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşine agzalyga saýlandylar.

Germaniýa şeýle wagtlaýyn agzalyga indi bäşilenji gezek saýlanýar. Wagtlaýyn agzalyga saýlanan häzirki bäş ýurtdan üçüsi, hususan-da, Germaniýa, Günorta Afrika we Hindistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalygyna eýe bolmak ugrunda çalyşýarlar.

Häzirki wagt BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine diňe bäş döwlet, ýagny, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Orsýet, Hytaý, Britaniýa we Fransiýa hemişelik agza bolup durýarlar.
XS
SM
MD
LG