Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň gündogar regionynda 8 söweşiji öldürildi


Düýn Täjigistanyň howpsuzlyk güýçleri ýaragly söweşijileriň gizlenýän ýeridir diýlip hasaplanylýan ýurduň gündogar regionynda harby operasiýa geçirdiler.

Bu gürrüňi edilýän regionda geçen ýylyn sentýabr aýynda Täjigistanyň harby güýçleri bilen ýaragly söweşijileriň arasynda çaknyşyklar bolupdy.

Düýnki operasiýada howpsuzlyk güýçleri Raşt julgesindäki bir ýaşaýyş jaýynyň daşyny gabap, ondaky söweşijileriň bir toparyny öldürdiler.

Ýurduň Içeri işler ministrligi öldürilen sekiz söweşijiniň arasynda Täjigistanyň graždanlyk urşunda meýdan komandiri bolan we soňra oppozisiýada hereket eden Alowuddin Dawlatowyň hem bardygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG